Hiçkim görmesede… Hiçkim görmesede… gurrun

On bir ýaşyndady. Nýu Hampşaýr kölüniň ortasyndaky adadaky ýaşaýan öýünden islän wagty balyk tutmak üçin daşyna çykýardy.

Lakga balyk tutmak gadagançylygyň aýrylmagyndan bir gün öňdi. Kakasy bilen bilelikde agşam güneş balyklaryny tutýardy. Soňra kakasyndan çeňňege iým dakyp, balyk tutmagy öwrendi. Soňra çeňňegini suwa taşlady. Suwa degen çeňňek aýyň şöhlesinde tolkun emele getirýärdi. Çeňňek duýdansyz çekilip başlady. Ol uly balyk tutandygyny aňdy.

Kakasy oglunyň balygy çekişine seredip otyrdy. Çaga ahyryn güýji gaçan balygy suwdan çykardy. Oglanjyk beýle uly balygy öň görmändi. Üstesinede bu balyk lakga balykdy. Aw gadagançlygynyň gutarmagyna bolsa sanlyja sagatlar galypdy. Ata-ogul balyga seretdiler, onuň teňňeleri aý yşygyna ýaldyraýardy. Kakasy otluçöp ýakyp sagadyna seretdi. Entek gadagançylygyň aýrylmagyna iki sagat galypdy.  Ilki balyga, soňra bolsa ogluna seredip:

“Balygy suwa taşlamaly bolarsyň, oglum” diýdi.

Oglanjyk aglamjyrap närazylyk bildirdi.

“Başga balyklaram bara” diýip kakasy ogluny köşeşdirjek boldy.

Oglanjyk bolsa “hiç haýsy munuň ýaly uly dälä” diýip jogap berdi.

Soňra köle göz aýlady. Başga hiç kim balyk tutanokdy. Lakga balyk tutandygyny hem hiç kim görmändi. Emma kakasynyň balygy saklap galmagyna rugsat bermejegini hem bilýärdi. Oglanjyk balygyň agzyndan çeňňegi çykardy we lakga balygy suwa taşlady. Balyk az salym duransoň suwa çümüp gitdi.

Oglanjyk gaýdyp munuň ýaly uly balyk tutmajakdygyny bilýärdi. Bu waka mundan 34 ýyl öň bolupdy. Häzirki wagtda şol çagajyk Nýu-Ýork şäheriniň tanymal arhitektorlaryndan biri. Kakasynyň adadaky kiçijik öýjagazy entegem dur. Arasynda çagalaryny balyk tutmaga şol ýere alyp gidýär. Ol häzire deňiç şol balyk ýaly uly balyk tutup görmändi. Emma gymmatlyklar meselesinde dilemmany başdan geçirse, mydama şol balygy ýatlaýardy.

Oglanjygyň kakasyndan öwrenişi ýaly gymmatlyklar dogry bilen ýalňyşyň nämedigini öwredýän zatdyr. Iň esasy kynçylyk gymmatlyklaryň ýerine ýetirilmegidir. Hiçkim görmesede….

Radarlar bolmasa maşyny gereginden tiz sürýärismi, hiç kim görenok diýip ýere hapalar zyňýarysmy? Bu düşünjäni öwrenmek we öwretmek örän ähmiýetlidir.

Esasy zat pursatlardan peýdalanmak däl, mydama dogry hereket etmek! Hiçkim görmesede…

Çeşme: kisiselbasari.com


0 Teswir

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir