Içgysgynçlyk çagalara nähili peýda edýär? Içgysgynçlyk çagalara nähili peýda edýär? gurrun onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. onun için, veýa,. onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa,
Içgysgynçlyk köpimiziň gorkymyz, emma ol biziň durmuşymyzyň köp bölegini eýeleýär. Çagalarymyza bu zat bilen baş alyp çykmagy irräk öwretmek olar üçin edip biljek iň gowy zatlarymyzyň biridir.
Çagaňyzyň içiniň gysmagyna ýol bermezlik bilen aslynda olara ýagşylyk etmeýän bolup bilersiňiz. Muny özüňize kabul etmek hem aňsat zat däl. Başlarda olar ýagdaýdan şikaýat ederler, birnäçe minut garaşyň soň özleri güýmenmäge zat taparlar. Bu bolmaly zat. Gowy zat. Şonuň üçin hany içgysgynçlyk çagalara nähili peýdalary bar öwreneliň.
Içgysgynçlyk kreatiw bolmagyňyza ýol açýar.
Kellämiz mydama biziň isleýän ýerimize gidenok. Ol aýlanmagy halaýar, esasanam bir ýeri ünsümizi berjek bolanymyzda. Hemem hiç hili baglanyşygy bolmadyk ýerlerinde has aktiw bolýar.
Birnäçe barlaglar hem haçanda adamyň içi gysan wagtynda kreatiw bolýandygyny görkezýär – muňa çagalarymyz hem degişli. Biziň beýnimiz şeýle. Haçanda içiň gysan wagty arzuw etmäge başlaýarsyň, ol hem kreatiw pikirleri getirýär.
Haçanda çagalarymyzyň etmäge hiç zady ýok wagty olar hyýallaryny hereketlendirýärler. Bu bolsa olar üçin durmuşda gerek zatlaryň biri. Biziň çagalarymyzyň geljekde işlejek ýerleri dowamly üýtgäp dur we biziň hem olary ol döwre taýýarlamaga başarnygymyz ýok. Olara gaty kän kreatiwlyk gerek.
Içgysgynçlyk psihologiki sagdynlygy ösdürýär.
Içgysgynçlyk durmuşa many berýär. Bu ýöne ýerden gelen bir pikir däl. Amerikan Psihologik Assosiasiýasynyň makalasy haçanda adamlaryň içi gysanda olar geçmişlerini ýatlap eden zatlarynyň manylydygyny pikir edýändiklerini görkezýär. Olar hemem indiki görýän zatlaryna hem manyly garaýarlar.
Beýle bolmagynyň sebäbi biziň beýnimiz hereketsizligi halamaýar. Hiç zat etmän oturan wagtymyz ol bizi diňe diwara seredip oturmagyň ýerine durmuşymyzy biraz gyzyklandyrjak bolýar. Käbir zatlary has içgin pikirlenip başlaýarsyň (ýok muny öňki söýgüliňi pikir etmek saňa peýda edýär manysynda aýdamok).
Içiň gysmagy ömrümizde many tapmagymyzyň esasy bölegi. Çagalaryň içi gysan wagty olar öz tejribelerinden “maňyz” tapmagyna getirýär we öz şahsy görüşlerini, dünýägaraýyşlaryny emele getirýär. Bu bolsa olary psihologiki taýdan geljege taýýar we güýçli bolmaklaryna ýol açýar.
Içgysgynçlyk çagalary höweslendirýär.
Haçanda çagalarymyz ulalanda biz olaryň durmuşynda her bir pursatda ýanynda bolup bilmeýäris. Her bir boş bolan minudy gyzykly, peýdaly zatlar bilen dolduryp bilmeýäris. Belli bir wagt soň biz olary goýbermeli we iň gowysy bolsun diýip umytda bolmaly.
Ine şonuň üçin hem olar özlerini höweslendirmegi öwrenmeli. Olaryň içiniň gysmagyna ýol bermek bu zady öwrenmeklerine kömek eder. Içgysgynçlyk olaryň öz kararlaryny özüniň bermegine we daş-töwereginde bolup geçýän zatlar bilen gyzyklanmagyna getirýär.
Içgysgynçlyk olary has gyzykly adamlara öwürýär.
Diňe içgysgynç adamlaryň içi gysýar. Bu çaganyň öwrenip biljek iň möhüm başarnyklarynyň biri. Haçanda her bir pursatda olary gyzyklandyryp dursak çaga özüni güýmemegi öwrenip bilmez. Olaryň ýanynda mydama bolmaly diýip pikir edip bileris, emma biziň olar bilen geçirýän wagtymyz bilen olaryň nähili adam bolup ýetişýändikleriniň baglanyşygy ýok. Biz olaryň ýanynda her bir minutda bolmagymyz gerek däl.
Bar ünsümizi çagamyza bermegimiz onuň üçin uly meseleleri ýüze çykaryp biler. Beýle etmek çagada hemme kişi oňa üns bermeli we hyzmatynda bolmaly ýaly ýalňyş düşünjeleri ornaşdyryp bilýär.
Içgysgynçlyk hossarlar üçin hem gowy.
Çagalara wagt bermek size hem ýanýoldaşyňyz bilen wagt geçirmäge wagt berýär. Biri-biriňiz bilen gürrüňdeş bolmak üçin çagaňyzyň uklap galmaly diýen zat ýok.
Eje bilen kakanyň bile wagt geçirmegi hem gatnaşygyňyzyň gowy bolmagy we gowy hossar bolmak üçin zerur. 7/24 hossarlyk bilen meşgullanmak gaýtam ters netijeler berýär. Bu sende stres we aladany artdyrýar, bu bolsa ýene çagalara zyýanly. Gaýgy-alada çaga hem geçýär we şeýlelikde olar okuwda we işde pes netijeleri almaklaryna getirýär.
Çagalaryňyzy gyzyklandyrjak diýip ölüp barmak gerek däl. Ol gaýta herkime erbet täsir edýär. Eger sen bagtly däl bolsaň çagaň hem bagtly bolup bilmeýär. Eger sen begenýän bolsaň ol hem begenýär. Şonuň üçin eliňdäki oýunjaklary taşla, çagalaryň biraz içi gyssyn. Biraz özüňe wagt aýyr. Bu diňe saňa gowy bolman olaryň özlerine hem peýdaly.
Çeşme: www.parent.com
0 Teswir