Içmegi goýanyňda bolýan zatlar Içmegi goýanyňda bolýan zatlar gurrun Onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Veya için, veýa,. onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa,

Alkogolly içgiler uzak möhletde özüňi gowy duýmagyňa kömek edenok. Belki indi taşlamagy göz öňünde tutýansyň. Şonuň üçinem alkogoly taşlanyňda bolup geçýän zatlary bilmegiň gerek. Olar hem garaşyşyňdan has kän bolup biler.

Los Anjelsda Demon Raskin atly bu ugurda işini alyp barýan bir lukman alkogoly taşlamak kyn bolsa-da, emma peýdalaryny göz öňünde tutsaň taşlanyňa degýändigini aýdýar.

Doktor Raskin “Birnäçe hepde içmän gezmek hem gowy pikir, hasam günde maslahat berilýän mukdardan köp içýän bolsaňyz” diýýär.

Maslahat berilýän mukdar köplenç günde iki içgi. Eger içgi işiňize we gatnaşyklaryňyza erbet täsir edýän bolsa onda içgini azaltmagyň wagty.

Ine alkogoly taşlanyňda (uzyn hem gysga möhlet üçin) bolýan zatlar.

Has gowy uklarsyňyz:
Içmegi goýanyňda bolýan zatlar

“Alcoholism” žurnalynyň ýakynda geçiren bir barlagynda ýatmazdan öň içmegiň beýinde alfa tolkunlaryny köpeltýändigini öňe sürdi. Bu hem uklaman dynç alyp oturan wagtyň beýniňde bolup geçýän bir hadysa.

Netije? Uky bozulýar.

Ýene 27 sany başga barlaglardan çykan netijä görä, alkogol ilkibaşda tiz uka gitmäge sebäp bolsa-da ukynyň hilini çynlakaý derejede peseltýändigini görkezdi.

Başlarda ýeriňizde eýlä-beýlä köp öwrülmegiňiz mümkin, ýöne alan ukyňyz sebäpli ertesi gün özüňizi has köp energiýaly duýarsyňyz.

Gowy ukynyň täsirleri hem keýpiň gowulanmagy, ünsüň we ýatkeşligiň gowulanmagyna getirýär. Eger gowy uky alsalar türgenleriň has hem gowy çykyş etjekdiklerini hem hemmeler bilýär.

Has az iýersiňiz:
Içmegi goýanyňda bolýan zatlar

Amerikan Kliniki Iýmitlenme žurnalynda bellenilip geçilen barlaga görä, alkogol gereginden artyk iýmäniň iň esasy sebäpleriniň biri.

Barlagçylar haçanda adam iki içgiden soň alkogol “infuziýasy” bolanda beýlekilerden 30% köp iýýändiklerini anykladylar.

Azrak içilen ýagdaýynda hem gipotalamusda beýniň işjeňligi artýar, bu bolsa seniň ysa garşy duýgurlygyňy artdyryp, köp iýmegiňe getirýär.

Süýji zatlary iýmek islegiňiz artyp biler:
Içmegi goýanyňda bolýan zatlar

Şeker “baýrak” himiki dopamininiň derejesini ýokarlandyryp lezzet almagyňyza getirýär.

 Alkogol hem şol bir zady ýerine ýetirýär. Şol sebäpden birini taşlanyňyzda beýlekä başlamak islegiňiz artmagy gaty ahmal.

Horlanyp başlarsyňyz:
Içmegi goýanyňda bolýan zatlar

Alkogolyň günlük kaloriýa kabul edilişini köpeltme häsiýeti bar.

Diňe bir margaritanyň 300 ýa-da ondan hem köp kaloriýasy bar bolup biler.

Geçirilen bir ylmy barlaga görä erkekler “orta” derejede içen günleri goşmaça 433 kaloriýa alýarlar. Olary diýetaňyzdan aýyrsaňyz (ýerini hem süýjülikler bilen doldurmasaňyz) aňsatlyk bilen horlanýandygyňyzy görersiňiz.

Deriňiziň has arassalanmagy mümkin:
Içmegi goýanyňda bolýan zatlar

Içgini goýanyňyzdan birnäçe gün soň deriňiziň has arassa görünýändigine şaýat bolarsyňyz.

Sebäbi alkogol diuretik, köp peşew etmegiňize sebäp bolýar. Hemem ol bedende suwy siňdirmäge kömek edýän antiduiretik gormonynyň öndürilme derejesini azaltýar. (Bedende az suw diýmek gury görünýän deri diýmek)

Köpräk puluňyz bolar:
Içmegi goýanyňda bolýan zatlar

Içmek – esasanam gowja şerap ýa-da şoňa meňzeş zatlar – arzan endik däl.

Içmäge sarp eden pullaryňy hasaplap gör, bu gözüňi açjak üýtgeşik tejribe bolup biler.

Keýpiňiz bolman biler:
Içmegi goýanyňda bolýan zatlar

Adamlar esasan keýplerini gowulandyrmak ýa-da erbet görýän duýgularyny basdyrmak üçin içýärler we taşlanlarynda bolsa özlerini ýadaw we gaharly duýup bilerler. Özüňi erbet duýmagyň mümkin bolmagyndan öňünden habaryň bolmagy saňa içgini taşlanyňda kömek edip biler.

Rak keseline duçar bolma riskiňiz azalýar:
Içmegi goýanyňda bolýan zatlar

Milli Rak Institutyna görä, alkogol agzyň, bagryň, içegäniň we rektumyň rak keseline getirip bilýär. Näçe köp içseň şonça risk artýar.

(Ynanýan bolsaňyz aňyrda-da size köp peýdasy bolar J)

Çeşme: www.menshealth.com


0 Teswir

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir