Iň köp ogurlanýan lýuks maşynlar Iň köp ogurlanýan lýuks maşynlar gurrun
Dünýäde her ýyl müňlerçe maşyn ogurlanýar. Belki maşyny ogurlanan tanşyňyz bardyr, lýuks maşyn bolmasa-da ol ýene maşyn bolýar.
Ogrularyň ogurlamak isleýän maşynlary hem, elbetde, gurply adamlaryň saýlaýan maşynlary.
Onça risk alanyňa görä gymmadrak maşyn ogurlanyň gowy-da. Geliň bularyň haýsy maşyndygyny göreliň.
Mercedes Benz S Class
Germaniýanyň önümi bolan bu awtoulag dünýäniň iň köp satyn alynýan lýuks sedanlaryndan, hemem W222 S Class, onuň soňky nesli.
Ol 1972-nji ýylda çykaryldy we Forbesa görä 2009-2012-nji ýyllar aralygynda 485 sanysy ogurlanypdyr.
Lexus IS
Toýota tarapyndan satylýan bu “giriş derejesindäki” lýuks maşyn, ilki bilen 1998-nji ýylda Toyota Altezza adynda satylýardy. Soň 2006-da 2-nji nesil Lexus IS tanyşdyryldy.
Bu model birnäçe baýraklara hem mynasyp görüldi. Olaryň iň esasylarynyň hem Germaniýadaky Halkara Forum Dizaýn toparynyň (International Forum Design group) “IF önüm dizaýn” baýragy.
Şol 3 ýyl aralygynda (2009-2012) 177 sany ogurlyk habar edildi.
BMW 5 Series
Nemes öndürijisi BMW dünýäniň iň gowy maşynlaryny öndürýär. Görnüşe serediň-ä!
2009-2012 aralygynda 256 sanysy ogurlandy, onsoň, hawa, BMW 5 Series dünýäniň iň köp ogurlanýan maşynlaryndan.
Cadillac CTS
General Motors tarapyndan öndürilýän bu dört gapyly sports sedan 2002-de tanyşdyryldy.
CTS 3 görnüşde bolýar, iki gapyly, dört gapyly sedan hemem bäş gapyly sport wagon. Önümçiligiň ilkinji ýylynda bu model “Ýylyň Demirgazyk Amerika maşyny” baýragyny aldy.
Soň 2008-de ikinjisi “Ýylyň Motor Trend maşyny” baýragyna mynasyp boldy. 2009-da bolsa, bu maşyn CTS-V bilen birlikde ‘Car and Driver’ iň gowy 10 sanawyna girdi. Edil şol ýylda hem bu ikisi 326 ogurlyk bilen ýylyň iň köp ogurlanan maşynlarynyň biri boldy.
Mercedes Benz iň köp maşyny ogurlanýan kompaniýa, we her ýyl şeýle bolýar.
Mercedes Benz E Class
Bu maşynyň gowy tarapy, ol 4 görnüşde bolýar, 2 gapyly kupe, 2 gapyly kabriolet, 4 gapyly sedan we 5 gapyly uniwersal.
E Class iň köp ogurlanýan maşynlaryň biri, jemi 381 ogurlyk.
Amerikada 2009-da 43.072 sany, 2013-de bolsa 69.803 sany E Class satyldy.
Infiniti G
Nissan Motor Company tarapyndan öndürilýän bu lýuks maşyn ilkinji gezek 1990-da bazara çykaryldy.
Munda-da saýlap biljek birnäçe görnüşiňiz bar: 2 gapyly kabriolet, 2 gapyly kupe we 4 gapyly sedan.
Forbesa görä 405 sany Infinity G ogurlanypdyr.
BMW 3 Series
Bu maşyn 1975-nji ýyldan bäri öndürilýär, hemem köp nesilden ybarat: E21 (1975-1983), E30 (1983-1995), E36 (1990-2000), E46(1998-2006), E90 (2005-2011), F30 (2011-2019) we G20 (2018-häzirki wagt).
Ogurlyk sany: 471.
Mercedes Benz C Class
Hanymlar we jenaplar, ine-de iň köp ogurlanýan maşyn, Daimler AG tarapyndan öndürilýän Mercedes Benz C Class.
Bu lýuks maşyn öň hereketlendiriji we yzky tigirli ýerleşiş bilen 1993-de tanyşdyryldy.
Her ýyl iň köp ogurlanýan bu maşynyň, jemi 485 sanysy ogurlanypdyr.
Eger şu maşyny halaýan bolsaňyz 4 gapyly sedan ýa-da 5 gapyly uniwersal görnüşlerini saýlap bilýäňiz.
Çeşme: www.alux.com
0 Teswir