Indi boljak bäbek üçin aýdym-saz Indi boljak bäbek üçin aýdym-saz gurrun onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. onun için, veýa,. onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa,
Aýdym bäbek dogmazdan öň hem ruhuny köşeşdirip biler. Emma entek garna nauşnik dakmaga howlukmaň. Çaga gerek zat ejesiniň sesi bolup biler.
Çagajygyňyz entek sizi görmänkä sizi diňläp başlaýar. Göwredäki çaganyň ilkinji üç aýlykda ses eşdip başlaýan bolmagy mümkin, emma ol soňky üç aýlykda seslere reaksiýa berip başlaýar.
Haçanda geljekki eje aýdyma hiňlenende, geplände ýa-da daşyndan bir zat okanda ol ses bedeniň içinde titreme (вибрировать) emele getirýär we ulalýar. Bu üýtgeşik bir sistema, hem-de doktorlar munuň garnyňa nauşnik goýmakdan has täsirlidigini aýdýar.
2013-nji ýylda geçirilen bir barlaga görä bäbek hakykatdanam göwrede öwrenýär. Emma “öwrenmek” diýilýäni dürli zatlar bilen tanyşlyk.
Garynda wagty aýdym diňledilen bäbekleriň dogulandan soň hem şol aýdymlar diňledilende köşeşýändigi barlagçylaryň ünsüni çekdi.
Emma beýin ösüşi köplenç çaga doglandan soň bolýar. Şonuň üçin dükana gidip disk almak gerekçiligi ýok.
ÝÖNE, bu çaga dogmanka oňa Mozarty diňletmeli däl diýmekmi? Ýoo.
Göwreli wagtyňyz sizi köşeşdirýän we rahatlatýan islendik hereket bäbege positiw täsir eder. Üstli-üstüne-de aýdymyň ýany bilen hiňleneniňizde bu çaganyň siziň sesiňize öwrenişmegine ýol açýar.
Çaga nämä diňletseň gowy?
Lukmanlar ýönekeý sazlaryň, melodiýalaryň gowydygyny aýdýar, emma öz halaýan islendik zadyňyz bolýar.
Emma göwräniň galmagally ýerdigini ýatda saklamaly. Ýürek urýar, garynda sesler bolýar, öýkenlere howa barýar, we siziň sesiňiz hem süňkleriň üsti bilen titrände bedende ses güýçlenýär, bularyň hemmesi göwräniň galmagally ýer bolmagyna sebäp bolýar.
Şonuň üçin maslahat berilýän zat aýdymyň sesiniň pesräk bolmagy. 50-60 desibel aralygy ýa-da adaty gürrüň sesiniň gatylygy ýaly.
Aram-aram konsertlere gatnaşyp hem-de kinoteatrlara-da gidip bilersiňiz. Emma dowamly galmagally ýerlerde bolmazlyk örän möhüm.
Çeşme: www.healthline.com
0 Teswir