It almazdan öň göz tutulmaly zatlar It almazdan öň göz tutulmaly zatlar gurrun onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. onun için, veýa,. onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa,
Öýüňe it almak gyzykly, emma şol bir wagtyň özünde hem uly jogapkärçilik. Ine it almazdan öň göz öňüne tutulmaly birnäçe zatlar:
Ideg
Öý haýwanlaryny almak uzak möhletli jogapkärçilik. Itler we pişikler ortaça 10-15 ýyl ýaşaýarlar. Şonça ýyl saklamaga razymy? Olara köp üns berilmegi gerek. Eger olar üçin köp wagt sarp edip bilmejek bolsaň onda it almak gaty gowy pikir bolman biler. Ýa-da balyk almagy göz öňüne tutup bilersiň, olar üçin gaty bir kän wagt gitdirmek hökman däl.
Puluň ýetýärmi?
Finans ýagdaýyňy bil. Öýdeçil haýwan üçin çykdajy etmeli bolýar. Eger itiň ýa-da pişigiňiz bar bolsa iýmit, timar, oýunjaklar, weterinariýa işleri we bejergi ýaly zatlardan ýüz öwrüp bolmaýar. Balyk saklamak üçin has az çykdajy edilýär.
Öýdeçil haýwanyň bolmagy seniň durmuşyňa görämi?
Eger iş wagtlaryň uzyn bolsa, başagaý sosial durmuşyň bar bolsa, hemem köplenç ýolda we gezelençde bolsaň it ýa pişik edinmezden öň iki gezek pikirlen. Ýaňy hem aýdylyp geçilşi ýaly, öýdeçil haýwanlar bilen dowamly oýnamaly we gatnaşykda bolmaly. Olara üns berilmezligi hereketlerinde uly problemalaryň döremegine getirip biler. Saklanyljak bolunýan haýwan durmuşyňa ornaşyp bilýän haýwan bolmaly.
Aljak haýwanyň barada öwren
Öýdeçil haýwanyň bolmagy üçin bilinmeli zatlar bar, almazdan öň hökman olary bilmeli. Iýmitlendirmek, timar, we howpsuzlyk temalary bilinmeli esasy zatlaryň biri. Googledan gözledip görüň. Internetdan köp maglumat tapmak mümkin. Eger internetdäki maglumatlar dogry däldir diýýän bolsaňyz weterinardan (mal lukmany) sorap bilersiňiz.
Allergiýalar
Özüňiziň hemem maşgalaňyzdaky adamlaryň haýwanlara we sütüklere tüýlere allergiýasynyň bar ýa-da ýokdugyny biliň. Eger özüň ýa-da çagalaryň allergiýasynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny bilmeýän bolsaňyz öýdeçil haýwany bolan dostlarynyňyzyň ýanynda wagt geçirip görüň.
Okuw
Eger it ýa-da pişik almagy göz öňüne tutýan bolsaňyz onuň okuwy (“boýun bolmak” okuwy we hereket okuwy ýaly) gaty möhüm. Iň esasylarynyň biri hem hajatyň öwredilmegidir. Öýüňizi weýran etmezleri ýaly şu zatlaryň öwredilmegi üçin biraz wagt sarp etseňiz gowy bolar. Emma towşanlar we guşlar üçin bu temada kän zat öwredilmegi gerek däl.
Weterinar
Weterinaryň bolmagy iň möhüm zatlaryň biri, ol haýwanyň kesellän wagty ilkinji ýüz tutulmaly adam. Şol bir wagtda hem weterinar köp maglumatyň çeşmesi bolup durýar. Öýdeçil haýwan saklamazdan öň ynamly bir weterinar tapyň.
Çeşme: www.petbacker.com
0 Teswir