Iýmit bilen gatnaşygyňy nädip üýtgetmeli . Iýmit bilen gatnaşygyňy nädip üýtgetmeli . gurrun . Onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Veya için, veýa,. onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa,
Iýip-içmek maşynyňa ýangyç guýmak ýaly ýönekeý zat bolsa nähili bolardy? Görkeziji diňe E ýetip barýarka ýangyç guýardyň, uly bir ähtimallyk bilen gereginden artykmaç guýup bilmezdiň. Edäýen ýagdaýyňda bolsa ol aşardy, hem-de sen hiç wagt, hiç haçan semizlemezdiň.
Dogrusy köp adam üçin iýip-içmek ýönekeý bolmakdan gaty uzak. Biologiki gerekçilik bolan bu zat soňabaka gaty geň duýgular, pikirler, ýatlamalar we endiklere öwrülýär. Iýmit diýilýän zat her dürli şekilde ulanylýar. Teselli, jeza, baýrak, “borjumyz” – şol günki keýpimize görä gereginden köp ýa-da az iýip bileris.
“Indi iýmit bilen gatnaşygymyzy üýtgetmegiň wagty geldi” diýýär, Kaliforniýa uniwersitetiniň Los-Anjelesdäki Berhizçi lukman Iw Lahijani. Ol biz bilen munuň 3 ädimini paýlaşýar:
1. Açlygyňyzy diňläň.
Köp zat biziň iýmegimize getirýär – günortan diýmek günortanlyk edinmeli, ýary gije ýeňiljek bir zat iýmeli; myhmançylyga barýas, “iýmeseň bolanok” diýen sözi eşitýäs; öýde nahardan soň biri pişme paýlaýar, ondanam iýmeseň bolmaz…
Edil şonuň ýaly hem käbir wagtlarda işdämizi basýarys. Işimiz kän, elimiz degenok, bir zat bizi gynandyrýar, bir zat bizi gaharlandyrýar, başga hiçkim iýenok, entek ir, entek giç…
Indi şuny etmegi barlap görüň: diňe ajygan wagtyňyz iýiň, doýan wagtyňyz bolsa bes ediň. Ýöne şonda-da, geçen hepdäni ýatlap görüň: Näçe gezek aç däl wagtyň iýip-içdiň?
Iw bize açlyk we doklugymyzy 0-10 ölçeginde göz öňüne getirmegimizi maslahat berýär. 0-1 gutaran, çendenaşa aç, 9-10 bolsa bolar ýaly däl, doklukdan endamyň agyrýan derejesindäki (toýlardan ýa-da baýramçylyklardan soňraky ýaly) dok. Ol “ ajygan wagtyňyz, ýagny 3-4 bolan wagty iýip başlaň, doýan wagtyňyz, 6-7 bolan wagty bes ediň” diýýär.
Açlykdan ölýänçäňiz garaşylmaly däldiginiň sebäbi bolsa haçanda ol derejede aç bolan wagty adam peýdasyz zatlary saýlap başlaýar. Ajygan wagtyňyz iýmelidiginiň sebäbi bolsa şeýle edilende iýýän zadyňdan lezzet alyp bolýar hemem has düşünjeli iýip-içip bolýar. Juda ajygan wagtyň köplenç çalt iýýärsiň we iýýän zadyňa üns bermeýäň.
2. Bedeniňizi isleýän zady bilen iýmitlendiriň.
Kollejde we uniwersitetde okaýan wagty Lahjininiň iýmegi iki şekilde bolýardy: ol ýa berhiz saklaýardy, ýa-da gereginden artyk iýýärdi. Onuň aýdyşyna görä “Haçan diýeta saklasam diýeta maňa näme iýmelidigini aýdýardy”. Çendenaşa köp iýen wagty bolsa öňünden näme çyksa, diýetasyndaky ähli iýmeli däl zatlaryny iýýärdi. Iýmit bilen gatnaşygy üýtgetmek diýmek şolar ýaly endiklerden daşlaşmak diýmek. Lahjini “Beýleki adamlaryň berýän maslahatlaryny diňlemegiň ýerine öz bedenimi diňledim, bedenim näme isleýän bolsa oňa şony berdim” diýýär.
Görüp otursa Lahjini ojuk-bujuk zatlary iýesi gelýänem däl eken. Ol “men birinji gezek iýmitleriň hakykatdanam tagamyny alýardym, sebäbi meniň kelläm özümi günäkärlemekden doly däldi. Bedenimiň aslynda gök önümler we miweler ýaly tagamly we iýmitlendiriji zatlary isleýändigine düşündim. Uýamyň edýän saladyny hakykatdanam halaýardym.”
3. Iýmiti baýrak ýa-da jeza hökmünde ulanmajak boluň.
Dogrusy şeýle edýändigimiz geň däl. Netijede biz çaga wagtymyz şatlykly we bellenilýän wagtlarda tortlar we süýjülikler bardygyny öwrendik. Bezzatlyklar we “gowy däl” hereketleriň bolan wagty bolsa tort ýokdy. Ýöne ulalmagyň iň gowy taraplarynyň biri hem biz erkin aň-düşünjä eýe bolup, öz kada-kanunlarymyzy döredip bilýäris. Şonuň üçinem doglan günleri tort bilen bellemäge dowam ediberiň, ýa bolmasa ter miweler bilen salatlardan dolduryň, eger isleýän zadyňyz şol bolsa. Ýa-da iýmek bilen baglanyşygy bolmadyk zatlar bilen belläň. Sen indi öz kanunlaryňy durmuşa geçirip bilýäň.
Lahjini iýmit bilen arasyny gowulandan soňra ol gabat gelen zatlaryna özi hem haýran galdy. Ol “haýran galdyryjy zatlaryň biri hem iýmit bilen aramy sazlanymdan soňra onuň durmuşda beýleki zatlara hem täsir edýändigini görmek boldy. Özümi diňlemegi öwrenemsoň beýlekileri hem gowy diňläp başladym, has duýgur boldum. Özüme ynamym artdygyça gatnaşyklarymda beýleki adamlara hem ynamym artdy. Hemem özümi söýdügimçe birini söýmegiň nähilidigine düşündim” diýýär.
Çeşme: blog.ed.ted.com
0 Teswir