Känbir romantik däl söýgüliler güni sowgatlary Känbir romantik däl söýgüliler güni sowgatlary gurrun

Biz, känbir romantik bolmadyk adamlar, sada zatlary halaýarys. Käbir zatlar biz üçin läliksiremek ýaly.

Ýöne aram-aram bizem gowy sowgatlar bilen sürpriz edilenini gowy görýäris. Käbir romantik hereketleri halaýarys, ýöne has sadarak ýagdaýda. Biz romantik däl. Şemler bilen agşamlyk taýýarlamak biziň işimiz däl.  Söýgüliler gününiňem sada geçirilmegini isleýäris. Biz diýänim men we beýleki romantik däl adamlar.

Kän romantik däl gyza kän romantik bolmadyk oglan näme sowgat edip biler?

Şarf

Her gyz üýtgeşik, hersiniň öz stili bar. Ünsliräk, stiline görä saýlap bilseň hökman halar.

Atyr

Atyr hem, halajak stilinde we ysyndakyny saýlap bilseňiz halamajak zady däl.

Aýakgap

Bir kinoda bir gyzyň aýdyşy ýaly, “biziň hiç wagt artykmaç aýakgabymyz bolmaýar, bize aýakgap hödürleýäne hijem ýok diýmeris”.

Şaý-sepler

Kim şaý-sep halanok? Kimiň halaýanyn-a aýdaýyn, GYZLAR! Hawa, olar şaý-sepleri söýýärler. Bilezik bolsun, ýüzük bolsun ýa-da başga bir zat, hökman onuň göwnünden turjak bir zat taparsyň.

Kitaplar

Bu biraz üýtgeşigräk sebäbi herkim okaýar diýen zat ýok. Ýöne kitaby söýýän çyndanam söýýär. Iň gowy görýän kitabyny ýa-da awtoryny soraň, ol hökman begener.

Gapdalyna hem şokolad hemem gül goşýaň, onsoň arkaýyn indiki ýyla çenli gezip bolar.

Oglanlar üçinem 5 sany pikir bar:

EDC (Every Day Carry) günlük ulanylýan zatlar

Her oglanyň günlük ulanýan zatlary bar, nämesiniň ýokdygyny biýän bolsaň şony almak gowy pikir bolup biler.

Oýunlar

Oňa iň gowy görýän zadyny beriň. Oýuny alyň-da gaplaň, oglanlar oýunlary gowy görýär.

Aýdyma degişli

Iň halaýan albomynyň nämedigini soraň we alyp beriň.

Atyr

Gowy ysly erkegi kim halamaýar? Esasanam gyzlar. Onuň gowy görjek aromasyny saýlasaň şondan gowy zat ýok.

Galstuk

Klassik. Her bir erkekde bolmaly bir zat bu.

Çeşme: www.alux.com


0 Teswir

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir