Kelle agyryny aýyrýan 7 maşk Kelle agyryny aýyrýan 7 maşk wiw. Onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. onun için, veýa. Veya için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa,

Köplenç kelle agyrydan ejir çekýän bolsaňyz, olaryň alamatlarynyň nähili elhençdigini hökman bilýärsiňiz. Agyry bilen baş aýlanmak, ýürek bulanmak, tertipsiz ýürek urmagy we hatda görüş problemalary bolup biler. Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin myşsalaryňyzy we damarlaryňyzy yzygiderli işletmeli. Her gün azyndan 10 minut ýönekeý maşklar edip, kelle agyry meselesini ýok edip bilersiňiz.

Üns beriň: Bu maşklar derrew kelle agyrylary üçin däl-de, yzygiderli etseňiz kelle agyry meseläňizi ýok etmek üçin. Şeýle hem haýsydyr bir maşk etmezden ozal lukman bilen maslahatlaşmaly. Maşklary ýerine ýetireniňizde seresap boluň we gan basyşyňyzy barlaň. Boýnuňyz agyrsa ýa-da kelle agyry bolsa, muny etmegi bes ediň.

1) Öňe egilmek ýagdaýy

Başlangyç ýagdaýy: Aýaklaryňyzy birleşdirip, göni duruň.
Nädip etmeli: Elleriňizi potologa galdyryň we tutuş bedeniňizi ýokaryk galdyryň. Uly dem alyň. Demiňizi beriň we elleriňizi aşak düşüriň, bilden ýokarsyny  öňe egiň we eliňiz bilen ýere ýetmäge synanyşyň. Birnäçe sekuntlap duruň, soňra başlangyç ýagdaýyna gaýdyň.

Gaýtalamak: 5-6 gezek
Peýdalary: Öňe egilmek kelläňizdäki gan aýlanyşyny gowulaşdyrýar we ýürek urşuňyzy deňleşdirýär.

2) Tirsek duruşy

Başlangyç ýagdaýy: Ýerde oturyň, dyzlaryňyzy epiň we özüňize tarap çekip aýak aşaklaryňyzy birleşdiriň.

Nädip etmeli: Arkaňyzy göni saklap, aýalaryňyzy dyzyňyza goýuň. Elleriňiz bilen dyzy aşak tarap itiň. 
Wagt: 20-30 sekunt
Peýdalary: Bu hereket bedendäki gan aýlanyşyny oýarýar.

3) Aýak götermek ýagdaýy

Başlangyç ýagdaýy: Bir diwaryň ýanyna baryp aýaklaryňyzy galdyryň we oňa söýendiriň.

Nädip etmeli: aýaklaryňyzyň göni we diwara paralel durandygyna üns beriň. Gollary gapdala tarap uzadyp, aýalar ýokary tarap seretsin. Uludan dem alyp, dem beriň. Özüňizi rahat duýmasaňyz üçin biliňize ýassyk alyp bilersiňiz. 
Wagt: 60-90 sekunt
Peýdalary: Aladany azaldyp, akyly köşeşdirer. Aýakda bar bolan çişmelere kömek eder.

4) Köpri

Başlangyç ýagdaýy: aýaklaryňyz göni, gollaryňyz iki tarapda, aýalaryňyz aşak seretjek ýagdaýda ýere goýuň. 
Nädip etmeli: Dyzlaryňyzy büküň we aýak dabanlaryňyzy ýere goýuň. Ýanbaşy ýokary galdyryp, uýluklaryňyz bilden ýokarsy bilen deň durmaly. Birki sekunt şu ýagdaýda dem alyň. Soňra ýanbaşyňyzy ýere goýuň. 
Gaýtalamak: 10 gezek
Peýdalary: oňurgany, boýny we gerşleri ýeňleder. Gaty myşsalary dartylmadan gorar.

5) Aşak seretýän it duruşy

Başlangyç ýagdaýy: Turuň. Aýaklaryňyzy gerşiňiz bilen deňläň. 
Nädip etmeli: Gollaryňyzy ýokary galdyryň we uludan dem alyň. Demiňizi beriň we öňe tarap egilip, elleriňizi açyp ýere goýuň. Uýluklaryňyzda agyry duýýançaňyz bu herekete dowam ediň. 
Wagt: 60 sekunt
Peýdalary: Arka we gerşdäki ýadawlygy aýryp, stresi peseldip, beýnä gidýän gany köpelder.

6) Çaga duruşy

Başlangyç ýagdaýy: Arkaňyz göni ýagdaýynda topuklaryň üstüne oturyň.
Nädip etmeli: Ýuwaşlyk bilen öňe tarap egiliň. Alnyňyzy ýere goýuň. Göwräňizi dyzlaryňyz bilen birleşdiriň. Aýa içi aşak seretjek ýagdaýda gollaryňyzy öňe tarap uzadyň. 
Wagt: 60 sekunt
Peýdalary: Stres we gaýgyny azaltmaga, hemde toksinleri bedenden aýyrmaga kömek eder.

7) Backbend

Başlangyç ýagdaýy: Arkaňyz göni ýagdaýynda topuklaryň üstüne oturyň.
Nädip etmeli: Ýanbaşyňyzy topuklardan galdyryň. Oňurgaňyzy düzeldiň. Mümkin boldugyça arka tarap bükülüň. Barmaklaryňyz bilen topuklara ýetjek boluň. Birki sekunt saklaň we oňurgaňyzy düzeldiň.
Gaýtalamak: 5-6 gezek
Peýdalary: Döşüňizi açýar, kelläňize we ýokarky bedeniňize gan akmagyny üpjün edýär.


0 Teswir

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir