Kofiýa halamaýanlygymyz tagamy bilen baglanyşykly däl Kofiýa halamaýanlygymyz tagamy bilen baglanyşykly däl wi. Onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya. Onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa,. onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için.

Käbir adamlar kofiýany ýada beýleki içgileri halaýar. Alymlar soňky döwürde geçirilen barlaglaryň netijesinde; kofiýa we onuň görnüşlerini halamagymyzyň, diňe tagamlaryndan dälde, eýsem başga sebäpleriniň bardygyny öňe sürýärler.

Angliýada ýerleşýän Biobank atly gurama kofiýadaky özüne çekiji faktorlar babatda barlag işlerini geçirdiler. Doktor Merilin Kornelis we onuň işdeşleriniň bilelikde alyp baran barlaglarynda, ýarym milýon töwerek adamyň saglygy barlagdan geçirilip, 336 müň DNK kartalaşdyrylypdyr. Barlag döwründe ilkinji gezek oýaryjy täsirli reaksiýalara sebäp bolýan ýagdaýlar ýüze çykaryldy.

Alymlaryň aýtmagyna görä, biz içgilerimizi olaryň tagamlaryna görä dälde, bize berýän duýgylaryna görä saýlaýarys. Bu açyş bilen birlikde alkogol/semizlik ýaly zyýanly endikler bilen göreşmekde täze çemeleşme emele geldi. Munuň bilen birlikde näme üçin käbir adamlar kofiýa içensoň arkaýyn ýatýar; käbirleri bolsa ýatyp bilmeýär diýen soraglara hem jogap tapyldy. Süýji we ajy içgiler bilen bagly geçirilen barlaglarda, adamlaryň içgini saýlamakda tagamyna görä däl, beýinde emele getirýän täsirine görädigi anyklanyldy.

DNK kartalary barlanan ýarym milýona golaý adamda kofiýanyň, alkogolly içgileriň ýada süýji içgileriň halanmagynyň tagam geninde emele gelýän tapawutlyklar bilen baglanyşdyrylman, “psihoaktiw” täsirine baglydygynyň üsti açyldy. Mysal üçin merkezi nerw ulgamyna täsir edýän kofiýadaky kofein, gazly içgilerdäki himiki maddalar beýniň işleýşine täsir edýär. Şeýlelikde ünsümizde, ruhy ahwalatymyzda, özümizi alyp barşymyzda wagtlaýyn üýtgeşmeler bolup geçýär. Kofiýanyň we alkogolly içgileriň halanmagynyň sebäbi olaryň tagamy bilen bagly däldir.

Çikagodaky Norswestern uniwersitetiniň doktory Kornelis bu meselä şeýle düşündiriş berýär: “ Saýlawlarymyzyň astynda ýatan sebäp, içgileriň psihoaktiw garyntgylar bilen baglanyşyklydyr. Adamlar kofiýa we alkagolly içgileri halaýandyklary sebäpli dälde, özlerini nähili duýýandyklary bilen baglanyşykly içýärler”. Mundan başgada bu wakanyň düşünilmegi adamlaryň berhizlerine täsir edip bilmek ýaly umytlary döredýär.

Adamdaky molekulýar genetikasy bilen baglanyşykly barlagda, içginiň saýlanylmagynda özüňi alyp baryş-baýrak ýaly faktorlaryň ähmiýetine üns çekilýär. Bu barlagda içgiler ajy we süýji diýen iki topara bölünipdir. Birinji topara kofiýa, çaý, piwo, gyzyl şerap görkezilipdir. Ikinji toparda bolsa energiýa we gazly içgiler ýaly şekerli, emeli ýol bilen süýjilendirilen içgiler görkezilipdir.

Barlagçylar ilki 24 sagadyň dowamynda gatnaşyjylaryň näçe içgini gutarandygyny hasaplady. Soňra bolsa gatnaşyjylara ajy we süýji içgileri içmek bilen bagly genom işi amala aşyryldy. Kornelisiň labarotoriýasynda gözlegçi hünärmen bolup işleýän Wiktor Zong bu ýagdaýa goşmaça şulary belläp geçdi: “Biziň gazanan netijelerimize görä, bu barlag içgileriň tagam taýdan genom bilen baglanyşdyrylmagyna degişli ilkinji barlagdyr. Şol bir wagtyň özünde içgi bilen baglanyşykly iň iri genom işidir”.


0 Teswir

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir