“Meň gözümde sen mydama çaga” “Meň gözümde sen mydama çaga” gurrun onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. onun için, veýa,. onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa,
Ýetginjekler we çagalar haçanda “eje-kaka men indi çaga däl” diýip aýtsa, ene-atalaryň jogaby mydama meňzeşdir: “Meň gözümde sen mydama çaga”. Bu esasam türki milletlerde has köp duş gelýär. Çaganyň ýaşynyň ýetendigi ene-atalar tarapyndan köplenç kabul edilmeýär. Çünki ene-ata we çaga arasyndaky gatnaşyk şeýle ysnyşykly welin, ene-ata çagalarynyň ulalandygyny asla kabul etmezler. Eýsem beýle ysnyşykly gatnaşmak dogrumy?
Ilki bilen maşgala agzalary näçe ýaşa gelselerde, birek-birege ähmiýet bermeli, birek-biregi sylamaly, gerek ýerinde uly kömek etmeli. Meselem käbir jemgyýetlerde bu ýagdaýa duş gelmek kyn bolup biler. Käbir jemgyýetlerde 21 ýaşda adam eýýäm aýratyn şahsyýet hökmünde kabul edilýär. Şeýlelikde ene-ata çagasyndan kömegi şol ýaşdan soň kesýär. Çünki ol bu ýaşdan soň ýeke ýaşamagy öwrenmelidir. Elbetde şol jemgyýetlerdäki bu ýagdaý doly dogry diýip bolanok. Çünki maşgaladaky agzalar biri-birine sosial we duýgy taýdan goltgy bermelidirler.
Emma türki jemgyýetlerine sereden wagtymyz bu ýagdaýyň has gawşyrylýandygyny görmek bolýar. Çaga ýaşyna görä hereket etmeli. Bir çaga bäbek ýaly, ýetginjek adama çaga ýaly, çaga ýetginjek ýaly garamak dogry däl. Bu ýagdaý çaga sosial ösmegine erbet täsir edýär. Hemde çaga özüne göwni ýetmeýär.
Meselem ýetginjek ýaşyndaky bir ýaş oglana çaga ýaly garasaňyz, onda ol gaharlanar we özüni ýeterli duýman başlar. Eger bu täsir uzak möhletleýin bolsa, onda çaga dogry netijä gelmekde, geljek barada plan düzmekde, arzuwlaryny we hyýallaryna ýetmekde kynçylyk çeker. Ene-atasynyň barlygyna mydama mätäçlik duýar. Çünki özüni biçäre, iş başarmaýan ýaly duýar. Emma ýaşy ýeten ýaş ýigit özünüň iş bajarjaňdygyna ynanmalydyr.
Biziň jemgyýetimizde köp duş gelmesede, käbir ýetginjeklere beter azatlyk berilýär. Muňa başgaça azatlyk bermek dälde, ideg etmezlik diýsegem bolar. Beýle ýagdaýdaky maşgalalarda çaga we ene-atanyň arasynda uzaklyk ýüze çykýar. Bu idegsizligiň netijesinde çaga islenmeýän toparlara goşulyp, erbet ýollara gitmegi mümkin.
Ene-atalar bu meselede örän seresaply çemeleşip, orta ýoly saýlap almalydyrlar. Her ýaşa görä hereket edip, çaganyň pikirine hormat goýmagy hem başarmaly. Elbetde çaganyň pikirine hem ýaşyna görä garşylyk bermeli. Meselem 13 ýaşyndaky Meret sport kursyny saýlamakda azat bolmaly, emma öýe giç gelmezlik meselesinde azatlyk bermeli däl. Çünki şol ýaşdaky çaga özüni goramakdan ejizdir.
Berk Omaý (Psiholog)
Çeşme: www.doktortakvimi.com
0 Teswir