Näme üçin maksadymyza ýetmeýäris? Näme üçin maksadymyza ýetmeýäris? gurrun. Onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Veya için, veýa,. onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa,

Maksat goýmak aňsat. Etmeli zatlaryň planyny düzmek, soňra bolsa şol plany durmuşa geçirmek we şol bir wagtda öňüňden çykýan bökdençliklerden geçip bilmek esasy zat. Maksatlarymyza ýetmeýänligimiziň birnäçe sebäbi bar.

Amerikanyň öňki prezidentleriniň biri bolan Ruzweltiňem aýdyşy ýaly:

“Kynçylyk, agyry we tagalla bolmadykça hiç zat edeniňe ýa-da eýe bolanyňa degenok.”

Adamlar kynçylykdan we agyrydan gaça durýandyklary üçin maksatlaryna ýetmeýär, emma ondanam başga sebäpler bar diýsek ýerlikli bolar, dogry dämi? Hawa, hakykatdanam, ine şolaryň birnäçesi.

1. Baýrakdan gözüňi aýryp işe üns bermek

Netijä we maksadymyza ýetmegi pikir etmek tolgundyryjy. “Täze wezipä bellenmegime sabyrsyzlyk bilen garaşýan” ýa-da “Men bu tomus plýažda şeýle bir özüne çekiji bedenim bolar” ýaly pikirler höweslendiriji bolup biler. Herekete geçenimizde başda energiýaly başlamak aňsat.

Emma herekete geçmezimizden öň we hakykatdanam maksadymyzyň üstünde işläp başlan wagtymyz beýnimiziň üns merkezinde bir zatlar sypýar. Işe başlamankak biziň ünsümiz baýrakda. Başlanymyzdan soň bolsa ol baýraga ýetmek üçin çekilýän zähmetde. Şonuň üçin ünsüňi baýraga bermegi başarmaly.

2. Kesgitli we çynlakaý bolmadyk maksatlar

Belki sen dünýä belli bir roman ýazasyň gelýändir ýa-da herkimiň tanaýan YouTuberi bolasyň gelýändir. Gowy zat. Onda mesele ýok. Emma muny nädip durmuşa geçirmeli? Maksatlaryň anyk kesgitlemesi bolmandan soňra olar diňe fantaziýa.

Eger hiç kitap okamaýan bolsaň ýa-da imo-da/twitterda birki sözlemden kän zat ýazmaýan bolsaň dünýä belli roman ýazmak realistik däl. Edil şolar ýaly hem, diňe “Men tanymal YouTube ýyldyzy bolasym gelýär” diýmek penjiräniň bugly ýa-da kirli durmagy ýaly, aňarsy görnenok. Maksadyň aýratynlyklary bolmaly.

Maksatlaryňa “ýazyjylaryň toparyna gatnaş, ýazýan adamlar bilen gatnaşykda bol” ýa-da “her hepde bir wideo çekip taýýarla” ýaly aýdyň kesgitlemeleri getir. Bu siziň ünsüňizi şol maksadyňyza gönükdirmäge ýardam eder.

3. Çendenaşa kän maksadyň bar

Birnäçe maksadyň bolmagy erbet zat däl. Emma juda kän maksadyň bolubam olaryň hiçbirini beýlekilerden ileri tutmaýan bolsaň ol saňa elmydama pes netijeleri getirer. Eger maksatlaryň üçin hiçbir işi bitirmeýän ýa-da haýsynyň şuwagt iň möhümdigini bilmeýän bolsaň onda seniň çendenaşa kän maksat goýan bolmagyň ahmal.

Biz birnäçe işi bir wagtda netijeli edip bilýän diýip pikir edýäris. Emma ylym munuň tersini aýdýar. Artykmaçlyklary aýyr, hemme zatdan ileri tutýan kesgitli maksadyň bolsun, şonda barmaly ýeriňe çalt ýetersiň.

4. Erbet planlamak

Her bir zada ýetmek üçin belli bir derejede planlamak gerekli, emma käbir zatlar has köp planmagy talap edip biler. Eger A nokatdan B nokada çenli gitmek üçin haýsy ädimleri ätmelidigini bilmeýän bolsaň onda B nokadyna baryp bolmaýar.

Belki satuwlaryňy şu ýylyň içinde 30% artdyrasyň gelýändir. Onuň üçin sen täze adam işe almalymy? Öňki marketing ýollaryňy üýtgetmeli ýa-da düzetmelimi?  Nähili strategiýalary ornaşdyryp bolar? Bu soraglaryň jogabyny bilmek örän möhüm.

Emma käbirlerimiz diňe “planlamaga” wagt gidirip etmeli işlerimizi etmeýäris. Bu gowy zat däl.

5. “Näme üçin” faktoryndan daşlaşmak

Maksadyň bar. Arzuwlaryň bar. Emma näme sebäpden bar olar? Näme üçin şol zatlara ýetesiň gelýär?

Saňa ynanmaýan adamlar bar we sen olara özüňi subut etjek bolýaňmy? Maşgalaňy has asuda ýerde ýaşadasyň gelýärmi? Çagalaryň özüňden gowy durmuşda ýaşamagyny isleýäňmi?

Şu zatlary bilmek we bularyň aňyňda bolmagy juda möhüm.

6. Bahanalar, bahanalar we ýene bahanalar

Herkim wagtal-wagtal bahana tapýar. Bahanalar bilen näme sebäpden işimiziň başa barmandygyny düşündirmek öz üstüňde işlemekden aňsat sebäbi.

Bahanalar goýulan maksada ýetilmedik wagty rahatlykdyr, emma ol ruhdan gaçyryjy. Her bahana tapanyňda özüňe üns ber. Käbirleri hakykatdanam ýerliksiz boş gürrüňler gerek? Artykmaç zeýrenýäs gerek? Maksadymyza ýetmek üçin birnäçe ýyllap arman-ýadaman zähmet çekýän wagtyň bahana tapmany jogapkärli bolmak gerek.

7. Ýykylmakdan gorkmak

Hiçkimiň ýykylasy gelenok. Köplenç hem ýykylmakdan gorkmak kemçiliksiz bolmaga bolan islegden ýüze çykýar.

Emma risk almakdan gorkup ýaşamak dogry däl. Hemme adam ýykylýar. Durmuşyň bir ýerinde ýykylmasaň beýlekisinde ýykylýaň. Hem şu meşhur sözleri ýatlalyň: “Risk almazlyk iň uly riskdir”.

8. Bökdençlikleriň bolmagyna garaşmazlyk

Şol ajaýyp, ýalpyldap duran maksadyň bara, ondan soňam şoňa ýetmek üçin düzen kemçiliksiz planyň bara, nämedir öýdýäň? Hökman meseleler ýüze çykýar. Ýalňyşlyklar bolýar. Durmuş şeýle. Esasy zat bökdençlikler bolanda dogry hereket edip bilmek.

9. Wagt bellenmedik

Bir hünäri öwrenjek bolsaň ýa-da bir ugurda ussat boljak bolsaň, özüňe wagt belle we ony bir ýere ýaz. Maksadyňy ýazmak seni üstünlige ýakynlaşdyrýar. Hem oňa wagt bellenmedik bolsa ol başa barmaz.

Diýeli sen 10kg horlanasyň gelýär. Bolýar. Haçana çenli? Onuň kesgitli bolmagy gerek.

10. Saňa ynanmaýan adamlaryň sözlerine çendenaşa üns bermek

Maksadyň näçe uly bolsa saňa ynanmaýan adamlar şonça köp bolýar. Olar ýaly adamlar mydama-da bolar. Edilmeli zat olara nämäni başarýandygyňy görkezmek.

11. Maksatlaryňy gijikdirmek

Linkoln “Maňa agaç kesmek üçin 6 sagat beriň, men onuň 4 sagadyny paltany ýitileşdirmek üçin gidireýin”. Maksatlarymyz üçin şu faktor gaty kritik.

Ertir ederin diýmek aňsat. Köplenç hem ol edilmän galýar, şeýlelik bilen wagtyň geçmegi bilen höwesimiz bolmaýar. Harvard Business Review-a görä gijikdirmegiň öňüne geçmegiň iň peýdaly ýoly etjek zatlaryňy adamlara aýtmak, şeýle edilende sen ýalta görünmegi ýa-da olaryň gözünde ýykylmagy islemersiň we eliňden geleniniň iň gowusyny edersiň.

Çeşme: www.lifehack.org


0 Teswir

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir