Pandemiýa we Internet baglylygy Pandemiýa we Internet baglylygy gurrun .Onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Veya için, veýa,. onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa,

Soňky ýyllarda internet baglylygy has artýar. Aslynda muňa şu asyryň keseli diýsek hem bolar. Dünýä dolulygyna täze ulgama geçdi. Bu prosesde işýerleri, restoranlar, mekdepler, marketler indi ekranda we islendik zady oturan ýerimizden edip bilýäris. Pandemiýa döwrüniň başlamagy bilen bu proses has hem tizleşdi. Adamlar okuwlaryna, işlerine öýlerinden dowam etmeli boldular. Internet pandemiýa döwründe öňküligiň dowam etmegine itergi berşi ýaly, beýleki bir tarapdan adamlarda çilim, arak ýaly zyýanly endik ýaly bolup başlady.

Mätäçlikler bu döwürde doly üýtgedi. Internet, howa ýa-da suw ýaly esasy mätäçlikleriň hataryna girdi. Adamlar internet baglanyşygynyň bolmazlygyndan gorkýar. Wi-fi işlemese, internede girmeýän bolsa aladalanyp başlaýar. Köp işleriň internetden edilmegi, adamy sosial barlyk bolmakdan çykaryp, tehno-sosial barlyk ýagdaýyna getirdi. Şol bir öýde ýaşaýan maşgala agzalary birek-birek bilen sosial medýa arkaly habarlaşyp başlady. Internede bolan baglylyk pandemiýany bahana edip has ýokary derejelere ýetdi. Günüň wagtlary bulaşdy. Ýatdan we turýan wagtlarymyz üýtgäp başlady. Öýde elinde telefon, planşet, kompýuter bilen gezip ýören täze jandar emele geldi.

Elbetde internet bize islendik maglumata ýetmäge mümkinçilik berýär. Aslynda işleri aňsatlaşdyrýan, käbir ýeňillikleri berýän internet adamy adam bolmakdan çykarýar. Uky wagtyndan başga wagtlary mydama ekrana seredýäris. Hawa elbetde agyr döwri başdan geçirýäris. Emma pandemiýa bu döwrüň ýeketäk meselesi däl. Häzirki döwrüň halasgäri bolan internet, hemme zatda bolşy ýaly aşa bolan wagty örän zyýanly.

Internet we tehnologiýa durmuşymyzy basyp alyp başlady. Belli bir wagtdan soň internet özüne çekip, baglylyk emele getirýär. Şol zadyň özüne uly zyýandygyny adam bilsede, samsyk wideolar görmekden saklanyp bilmejek ýagdaýa gelip bilýär. Bu ýagdaý belli bir wagtdan psihologiki keselleriň döremegine getirýär. Gysga wagtlyk dertlerden uzaklaşdyrýan, dertleri unutdyrýan internet, uzak ulanylan wagty aýratyn dert bolup biler.

Pandemiýa döwründe mekdepleriň ýapylmagy esasynda çagalar internet arkaly okamaly boldular. Elbetde bu gerekli zat, emma käbir çagalar bu pursatdan peýdalanyp, dürli internet oýunlaryny oýnap başladylar. Oýunda öz atlaryny ulanman başga atlar ulanyp, tanamaýan adamlary bilen habarlaşyp, siz gelen wagtyňyz hem okuw okaýandygyny aýdyp, ýalan adatylaşdyrdylar. Özüni bolşy ýaly kabul etmän, internet üstünden täze abraý döreden çaga, şol durmuşy halap başlaýar. Çünki like az alsaň, erbet teswirler alsaň, täze at bilen sosila medýa girip bolýar. Ine şu ýagdaý çaganyň edýän işlerinden jogapkärçilik çekmezligine getirýär. Ine şu ýagdaý adamyň özüni tanamazlygyna , adamlardan uzaklaşmagyna getirýär.

Tehnologiýa bir maksada ýetmek üçin serişde hökmünde ulanylmalydyr. Eger munuň tersi bolsa, tehnologiýa serişde bolmakdan çykyp, maksat hökmünde galar. Bu bolsa baglylyk emele getirýär. Pandemiýa sebäpli häzirki wagtda köp adam bu meselä üns bermesede, ýakyn geljekde bu barada köp maglumatlara gabat gelip bileris. Kowid-19 üçin waksina tapylar, emma munuň ýaly psihologik kesellere waksina ýok. Bu keselden halas bolmak üçin her kimiň özi zähmet çekmelidir.

Ýazan: Reýhan Nuraý Duman (Psiholog)

Çeşme: www.doktortakvimi.com


0 Teswir

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir