Rak näme ? Rak näme ? gurrun onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. onun için, veýa,. onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa,

Aramyzda rak keseliniň adyny eştmedigimiz ýokdur. Ony gahrymanlarça ýeňen hassalar barada ýa-da kösenip ýogalanlar barada maglumatlara azyndan birnäçe gezek duş gelensiňiz. Entägem doly emini tapmak başartmadyk rak keseliniň nämedigini bilýärsiňizmi? Geliň onda rak bilen tanyşalyň.

Beýleki hemme jandarlar ýaly bizem ilki başda ýekeje öýjükden emele gelýäris. Ejelerimiziň ýatgysynda köpelip her bir organymyzy emele getirýän bu öýjükler, biz doglanymyzdan soň hem köpelmäne dowam edýär. Bedenimizdäki bolup geçýän fiziologiki hereketleriň köp bölegini kontrol edýän genlerimiz, bu öýjükleriň bölünmegini hem öz kontroly astynda saklaýar. Ýüregimiziň, böwregimiziň, öýkenimiziň we beýleki hemme organlarymyzyň ululygy genlerimiz tarapyndan kontrol edilýär. Ýetmeli ululygyna ýeteninden soň öýjüklerimiziň köpelmeginiň öňüne geçilýär.

Eger-de adatdan dasary ýagdaý bolup bu öýjüklerdäki köpelişi kontrol ediji genlere zeper ýetende bu öýjükler has ýokary tizlikde köpelip başlaýarlar. Ýekeje öýjükde kontrol ediji gende beýle mutasiýanyň – gen ýazgysyndaky üýtgesmeleriň – bolmagy şol öýjügiň duran ýerinde “ur” ýagny “ösüntginiň” emele gelmegine sebäp bolýar. Sebäbi şol zeperli öýjük kopýalanyp köpelende ýene zeperli öyjük emele getirýär. We saklaýjy sistema bozulanlygy sebäpli onuň organlary, saglygy birahat ediji ululyga ýetmegi köp wagt almaýar.

Sagdyn öýjükde bu mutasiýalaryň hem öňüni alyjy ýa-da bejeriji sistemalar üpjün. Ýöne “DNA proofreading” diýilýän, düşnüklirak aýtsak “DNK ýazgy barlaýjy” bu sistema käbir halatlarda işlemän bilýär. We bu ýagdaý maglumatlarymyzyň örän çalt bozulmagyna ýetirýär. Şol sebäpli hem bedene zyýanly maddalaryň ulanylmagyň, köp zyýanly ýagtylara sezewar bolmagyň rak keseli mümkinçiligini artdyrýandygy, olardan gaça durmalydygy köp ündelýär.

Radioterapiýa we himiýaterapiýa diýilýän bejergi usullarynda şöhle bilen ýa-da himikatlar bilen bu öýjükleriň ölmegi üçin ösüntginiň bolan ýerlerine täsir edilýär. Şöhläniň we himikatlaryň görnüşi tiz köpelýän öýjükleri öldürmek maksady bilen sazlanandyr. Şonuň üçin hem bu bejergini alýan hassalarda tiz köpelýän tüý, deri, gan öýjüklerine-de uly zeper ýetýär.

Mutasiýanyň nirde dörejegini öňünden bilmek mümkin bolmanlygy sebäpli rak keseliniň öňüni almak juda kyn düşýär. Zeper ýetiriji öýjükler öz öýjüklerimiz bolanlygy sebäpli, nätanyş hiçbir madda öndürmeýänligi sebäpli immunitetimiz olara garşy göreşmeýär. Şeýlelikde olar hiç böwet bolmazdan ulalyp ösüntgi derejesine ýetip bilýärler.

Ana rak keseli barada esasy bilmeli zatlar bilen tanyşdyňyz. Indi rak barada gürrüň açylan ýerlerinde siziň hem bir pikire eýe bolmagyňyz has aňsat. Özüňize gowja serediň.

Ýazan: Galamkesh


0 Teswir

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir