Sag-çep beýniň arasynda tapawutlylyk barmyka? wiki. Onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya. Onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa,. onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa,

Köp ýyllardan bäri beýnimiziň çep tarapy sanlar bilen gowy işleşýär, sag tarapy bolsa duýgular bilen işleşýär diýip öwredildi. Ýöne soňky geçirilen barlaglar munuň beýle däldigini öňe sürýär.

Bedenimizde birnäçe organ bar. Bular aşgazan, gyzylödek ýaly ýeke bolşy ýaly, gulak, göz ýaly iki hem bolup biler.Duýgy organlary köplenç deňagramlydyr. Emma aýak we ele geçen wagtymyz, saglakaý we çepbekeý diýen adalgalar ulanylyp başlanýar. Beýin beýleki nerw organlary ýaly maglumat alýar we dolandyrýar. Onuň bu meselede iň ýakyn kömekçisi oňurgadaky suwuklyk. Maglumatlary jemleýär, üstünde işleýär, many çykarýar. Soňra bolsa gerek bolan hereketi amala aşyrýar. Bulara dem almak, ýüregiň urmagy ýaly hereketler mysal bolup biler.

Adamogly pikirlenip bilýän iň güýçli janlydyr. El we aýak ýaly organlary şol bir ukyba eýe bolsada, biri beýlekisinden has güýçli ýada pes. Köp kişi sag eli bilen ýazýar, top depýär. Käbir adamlar bolsa çep eli bu zatlary amala aşyrýar. Aslynda bu ewolusion taýdan položitel häsiýete eýe. Çünki ikisi hem deň bolanyndan, biriniň güýçli bolmagy has amatlydyr.

Haýsy elimizi ýada aýagymyzy ulanjakdygymyzy özümiz saýlaýarys. Bu ýerde pikirlenme prosesi amala aşýar. Top depjek bolanymyzda çep aýagymyzy saýlaýarys, nähili derejede urjakdymyzy hasaplaýarys. Ýada dişimizi arassalynymyzda sag elimizi saýlaýarys, ýenede haýsy hereketi nähili tizlikde etjekdigimiz hasaplaýarys.

Beýniň çep tarapy logiki pikirlenmäge jogap berýär. Ýagny maglumatlary tertipläp netije çykarýan bolsaň, analitiki pikirlenmä eýe bolsaň, matematika we fizika sapaklarynda ökde bolsaň beýniň çep tarapy dominantdyr (güýçlidir).

Beýniň sag tarapy wakalara duýgy nukdaýnazaryndan çemeleşýär. Wakalara duýgular bilen ýakynlaşyp, hyýaly arzuwlar bu bölekde amala aşyrylýar, keýp alynýan zatlarda hem bu bölek işleýär.

Köçelerde adamlara “iki tarapyň tapawudy nämede?” diýip, olaryň köpüsi ýokarky jogaby berer. Özüniň matematika pesligini sungatda güýçlidigi bilen ýapmak islär. 

Elbetde hemme kişi hemme zady başaryp bilmez. Emma matematika pes bolmagymyz biziň sungatda güýçli bolmagymyz däl. Aradaky baglanyşyk pikir edilşi ýaly güýçli däldir. 

Beýniň çep tarapy sanlar bilen işleşmäge, sag tarapy bolsa duýgular bilen işleşmäge ukyply diýen myş-myşlar 1960-njy we 1970-nji ýyllarda geçirilen barlaglarda  orta çykdy.  Roger Sperry we kömekçileri bilelikde tejribeler geçirýärler. 16 sany hassa öz beýinlerindäki käbir baglaýjylaryň kesilmegine rugsat berýär. Bu hem olaryň dertlerine derman bolýar. Netijede bu barlag New York Times gazedinda “Biz sag ýa çep beýinli” diýip makala çap edýärler. Şeýdip bu düşünje ýaýrap başlaýar.

Alymlar beýindäki käbir bölümleriň belli wezipeleri ýerine ýetirýändiklerini belleýärler. Ýöne adatça bilinşi ýaly sag beýin muňa çep beýin oňa güýçli diýmek hem gaty kyn.

Ýöne beýnimiz käbir funksiýalar üçin belli bölümlerini ulanýar. Mysal üçin, sag elini köp ulanýan adam, gürlemek üçin çep beýnisini ulanýar. 

Sag-çep beýniň arasynda tapawutlylyk barmyka?


0 Teswir

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir