Şem ýakylanda näme üçin galyndy galmaýar? Şem ýakylanda näme üçin galyndy galmaýar? gurrun .Onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Veya için, veýa,. onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa,
Elbetde öňküler ýaly şem ulanýanlar azaldy. Indi tok giden wagty öz-özünden ýanýan lampalar, hatda generatorlar bar. Emma şem köp adamyň durmuşyndan yşyklar giden wagty esasy ýol görkeziji bolandyr. Elbetde indi telefonlaryň yşyklary hem ýeterlik.
Şeme şeýle bir öwrenişipdiris welin onuň ýanandan soň nädip doly ýok bolýandygyna hem üns bermändiris. Taryhy örän öňki döwürlere çenli baryp ýetýän şemiň, örän täsin güýji bar. Adamlarda romantiki duýgy oýaryşy ýaly, köp dinlerde ruhany ýeri bardyr. Dini dabaralary we rituallary şemsiz göz öňüne getirip hem bolmaz.
Şem adamyň oýlap tapan ilkinji tapyndylaryndan biridir. Müsürde we Girit adasynda biziň eýýamyzdan öň 3000-nji ýyldan galan şemler tapylypdyr. Emma iň köp orta asyrda Ýewropada ulanylandyr. Taryhda köp ulanylyp, şuwagtam şol meşhurlygyny ýitirmeýän ýeketäk zat megerem şemdir.
Aslynda onuň düzümi örän ýönekeý. Emma ýanyş mehanizmasy beýle ýönekeý däl. Şemiň düzüminde iki esasy madda bar. Birinjisi wagt wezipesini ýerine ýetirýän şemiň esasy bölegi. Ikinjisi bolsa emiji häsiýeti bar bolan ýüpjagaz. Ýüpjagazyň emiji häsiýete eýe bolmagy örän ähmiýetlidir. Çünki şemiň ýanyş syry şoňa bagly. Bu emiji häsiýet gaz lampalarynda hem bar, olar hem şol bir prinsip esasynda işleýärler.
Eliňize şol ýüpjagazy alyp suwa batyryp görüň. Onuň emiji häsiýetini suwuň ýüpüň ýokarsyna çenli çykmagynda görüp bilersiňiz. Ine şol ýüpjagaz şemiň erän böleklerini özüne sorup, ýokarky bölege ýetirýär. Şeýlelikde ýokarda ýanyş dowam edýär. Ýagny asyl ýanýan diňe ýüpjagaz dälde, şemiň asyl özüdir.
Parafin şemleri hakyky nebitden ýasalýar. Ýagny güýçli ýanyjydyrlar. Ot arkaly şemiň ýokarky ýüpjagazyny ýakan wagtyňyz, aslynda şem gutarýança dowam etjek prosesi başladýarsyňyz. Şem ereýär, ýüp arkaly ýokary çykýar we ýanmagyna dowam edýär. Şemiň özi ýanan wagty doly bugarýar. Ýanýan zat aslynda şemiň özi bolansoň, şem ýanyp gutaranda yzynda hiç zat galmaýar.
Şem ýasamakda iň köp ary şemi, parafin ýada ösümlik, haýwan ýaglaryndan alynýan stearin ulanylýar. Häzirki döwürde bolsa şemler ýokarda agzalan zatlaryň garyşdyrylmagyndan alynýar. Şemler presläp ýasalýar. Soňra reňklemek üçin ýörite maşyna salynýar. Ondan soň bolsa has owadan görnüp, ýyldyrar ýaly sowuk suwuň aşagynda goýulýar.
Çeşme: “Luzumsuz bilgiler ansiklopedisi”
0 Teswir