Singa – garamükür keseli Singa – garamükür keseli gurrun onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. onun için, veýa,. onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa,

Adamlaryň edip biljek zatlarynyň her haçan bir çägi bolan. Mysal üçin şuwagtlykça başga planetalara ýolagçylyk edip bilemzok. Ýöne taryh boýy çägimizi giňeltmegimize kömek eden bir zat bar – “açyş”. Ylmy açyşlar hemişe bize çäklerimizi ýene-de azajyk hem bolsa giňeltmäne mümkinçilik berdi. Ýene bäş-on ýyldan täze bir açyşyň bizi nirelere getirip biljegi barada çen tutup bolanok.

Bu gezek men size üýtgeşik bir açyş barada gürrüň bermekçi. Aýdyp berjek wakam 18-nji asyrda bolup geçýär. Bu açyşymyzdan öň adamzat uzak ýola gämi ýolagçylygyna çykmazdan öň ýedi gezek oýlanar eken. Sebäbi deňiz ýoly bilen uzak ýola gitmek diýmek gämidäkileriň ýarysynyň öljegini boýun almak diýmek eken.

Gämide belli bir wagtdan köp ýol alan adamlar, dişleri gowşap, dökülip, sudurga berip, depressiýa düşüp ugraýan ekenler. Bu ýagdaýyň sebäbine düşünmedik käbir garakçylar erbet ruhlary, jynlary günäläp bu ýagdaýa düşen adamyny öldürüp hem bilýän ekenler. Bolmasa-da derileri gowşap, ýagdaýdan düşüp ölüp gidiberýäler.

Bu kesele türkmençilikde garamükür ýa-da singa keseli diýip at berilýär. Askorbin kislotasy ýagny witamin c – niň ýetmezçiliginden döreýär. Askorbin kislotasy derimiziň sagdyn we berk durmagyna peýda edýän kollagen(collagen) belogynyň(protein) bedende öndürülmeginde juda möhüm rol oýnaýar.

Witamin C ýetmezçiligi bolan adamlar kollageni öndürüp bilmeýär. Kollagen sagdyn adam bedeninde iň köp duş gelýän belok. Kollagen bolmadyk adamlar ýokarda agzalan symptomlary görkezip başlaýar we gitdikçe halsyzlaşýar.

Indi kesel bilen tanyşan bolsak hekaýaly ýere geleli. Bu hekaýamyzda iki sany James bar. Biri meşhuur Kapitan James Cook. Beýlekisi bolsa döwrüniň meşhur lukmany James Lind.

Keseliň sebäbiniň gämidäki iýmit ýetmezçiligindendigini pikirlenen James Lind üýtgeşik iýmit düzgünleri bilen, adamlar üstünde barlag geçirip görýär. Barlagyň netijesinde Lind sitrus miweleri üpjün edilmedik adamlarda singa keseliniň emele gelýändigini görýär. Lind bu miwelerde witamin c-niň bardygyny, onuň peýdalaryny bilenok. Ýöne problemanyň çözgüdini tapýar. Herbir ussat alym ýaly James Lind hem başda diňlenmeýär.

Edil şu ýerde sahnamyza James Cook gelýär. James Cook, James Linde ynanýar we onuň pikirini subut etmegi üçin mümkinçilik döredýär. We gämisine ýapylan kelem gutulary we başga-da witamin c-ýe baý bolan iýmitleri ýükläp ýola çykýar. Ahyrynda uzak ýoldan, singa keseline bir adam hem pida etmän dolanyp gelýär.

Bu açyş Iňlis goşunlaryna Awstraliýanyň, Täze Zelandiýanyň we beýleki Pasifik adalarynyň basylyp alynmagynda esasy ädim bolýar. Bu adalary basyp alan goşunlar ýerli halky ýa kökünden gyryp ýok edýärler, ýa-da olary gulçulyga boýun edýärler. Awçylyk höwesleri bilen diňe şol adalarda tapylýan müňlerçe haýwanyň köküni sowurýarlar.

Ynsan her bir uly güýje uly bir ejizligi ýeňmek arkaly ýetýär. Ejizligi ýeňip güýje ýetip bilmek juda möhüm. Ýöne ondanam has möhüm zat – ýetilen güýji başga bir ýykyjy güýje öwürmezlik.

Ýazan: Galamkesh


0 Teswir

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir