Söýgüliler güniniň taryhy Söýgüliler güniniň taryhy w. Onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. onun için, veýa. Veya için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa,

Men söýgüliler gününiň taryhyny näme edeýin, maňa söýgülim bolsa bolýar diýýänleriňiz bar bolup biler, emma taryhyny öwrenmek isleýän adamlar hem bar.

Bu baýramçylygyň başy Rim imperiýasyna çenli direýär. Biz söýgüliler güni diýip alan hem bolsak, aslynda ady “Mukaddes Walentina günidir”. Adyndan hem belli bolşy bu 14-nji fewraldaky diňe söýgüliler bilen baglanyşykly däl; eýsem dini wakalar bilen baglanyşyklydyr.

Mukaddes Walentina kim?

Katolik ybadathanasy tarapyndan resmi taýdan tassyklanan Mukaddes Walentinanyň biziň eramyzyň 270-nji ýylynda ölendigi çaklanylýar. Ol barada maglumatlar biziň eramyzyň 496-njy ýylynda aradan çykan Papa Gelasiusa degişlidir. Papa Gelasius Walentinanyň “durmuşyny Taňra bagyşlan şehit hökmünde dünýäden ötendigini’ aýdýar. 1400-nji ýyldaky ýazylan maglumatlara görä, Walentina Rim imperiýasy döwründe hristiýan jübütlere öýlenmekde kömek edendigi sebäpli öldürilendigi aýdylýar. (Klawdius II döwri).

Şol taryhy maglumatlara degişlilikde başga resminamada onuň Ternide ruhanydygy, Klawdius II tarapyndan öldürilendigi gürrüň berilýär.

Ady we durmuşy barada köp maglumat bolmasada, 1969-da Katolik ybadathanasy onuň adyny “Mukaddesler” hataryna goşdy.

Walentinanyň 14-nji fewral bilen näme baglanyşygy bar?

Pikir edilişi ýaly bu onuň dogan ýada ölen senesi däl.

 XIV asyrda ýaşap geçen iňlis şahyry Çauker,14-nji fewral romantizmi we söýgini baglanyşdyran şahsyýet hökmünde tanalýar. Çauker 14-nji fewral guşlaryň öz taýlaryny tapan günidigine ynanýar. XVIII asyrda iňlis däplerine seredenimizde 14-nji fewral bilen baglanşykly ýene-de bir baýramçylygyň bardygyny görmek bolýar:Iňlisleriň bu günde gadymy Rim festiwaly bolan we aýal hudaýy Juno Februatanyň hormatyna bagyşlanyp geçirilýän baýramçylyklara meňzeş baýramçylyklary gurnapdyrlar.

Imperatoryň gadagan edenligine garamazdan hristianlary biri-biri bilen nikalan Mukaddes Walentiniň hormatyna,14-nji fewral Walentin güni diýlip atlandyryldy.

Elbetde Mukaddes Walentin we onuň taryh bilen arabaglanşygyny anyklamak mümkin däl. Ýagny “Hristiýan däbi” hökmünde ýazgarylýan Söýgüliler güniniň aslynda Hristiýan däbidigi barada şübheler bar. Emma häzirki zaman Söýgililer günine seredenimizde taryhy-dini köki bolman ykdysady köki has öňe çykýar. Ilkinji gezek XIX asyrda Angiýada ykdysady bähbitlere bürenmäge başlan Mukaddes Walentin güni gysga wagtda ”global medeniýetde” öz ornuny tapdy. Häzirki wagtda marketing we sarp ediş harytlaryny öz içine alýan 14-nji fewral, meşhur medeniýet serişdeleri hökmünde jemgyýete tanyşdyrylandygy üçin taryhy sahnada ähmiýetini ýitirdi.

Resmi maglumatlara görä ABŞ-nyň sarp edijileri Söýgüliler güninde sowgat we agşamlyk üçin jan başyna 147 dollar harçlaýarlar.

14-nji fewralyň ykdysady görkezijileri hasaba alnanda “ätiýajyň daşyndaky sarp edişi gurnaýan kapitalizmiň oýny” hökmünde ýazgarylmagy, hristiýanlyk bilen baglanşyklydygyndan has hakykata ýakyndyr.


0 Teswir

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir