Üstünlikli adamlar 20 ýaşlarynda näme edýärdiler? Üstünlikli adamlar 20 ýaşlarynda näme edýärdiler? gurrun. Onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya. Onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa,. onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa,

Baýraklar, üstünlikler, ähli kynçylyklara garamazdan şöhrat gazanan oýlap tapyjylar barada mydama eşiýäris. Emma olaryň ir wagtlarda nämeleri dogry edenligi, tanalmazdan öň beýlekilerden tapawutly eden kiçi hereketleri barada eşitmeýäris.

“Başlamak üçin iň gowy wagt düýndi, ikinji gowy wagt bolsa şu gün.”

Şu wagt alýan kiçi kararlaryň geljekdäki durmuşyňy emele getirýär. Ine üstünlikli adamlaryň ir wagtda dogry edýän zatlary.

1. Üstünlige ýetmäge kararlylyk

Üstünlik ilkinji we ýeketäk ileri tutulýan zat. Bu diňe isleg däl-de her edýän herekediň şol isleýän zadyňa ýetmek bilen baglanyşykly bolmagy.

Seniň bu ýaryşda ýeňiş gazanmak ähtimallygyň az, diňe dowamly elde baryny edýänler ýeňýärler. Bu kararlylyk bolmasa sen aňsatlyk bilen ýoldan çykýarsyň, näme etjegiňi we nirä gitjegiňi bilmeýärsiň.

Munuň üçin iki işde işläp 6 sagatdan az uky almaly bolsa, onda seniň etmeli zadyň şol.

2. Pidakärlik

Durmuşda her zadyň bahasy bar, üstünlik hem arzan däl. 20-li ýaşlaryňda hem sen sosial durmuşy işlemek, öwrenmek üçin pida edýärsiň. Dostlaryňy gaty az görýäň, şagalaňlara gatnaşyp sehoş bolup gezeňok.

Haýrany bolan we görelde alýan adamlaryň seniň pikir edişiňden has köp zat pida etdiler. Sen wagtyňy, gatnaşyklaryňy we puluň hemmesini diýen ýaly şu maksat üçin pida edýäň, dogrusy bu oýunda utjagyň hem belli däl, emma sen orta derejä razy bolman utmak üçin oýnaýaň.

3. Her bir teňňäni ýygnamak

Ilkinji 5 ýylyňda her bir teňňe üstünde işleýän proýektiňe gidýär, ondan soň känbir pul hem galmaýar, emma ondan soň biznes gowy netijeler berip başlaýar we edil köl bolmasa-da bir zatlar damyp başlaýar.

Adamlaryň käbiri durmuşyň şu tapgyrynda ýalňyşýar. Olar täze maşyn, täze sagat ýa-da ulurak jaý alýarlar we ýetjek derejesine ýetendirin öýdýärler. Emma hakykatda bolsa finans ýagdaýlary erbetleşip başlady.

Eger 20-li ýaşlaryňda bolsaň we biraz pul gazanyp başlan bolsaň, PULUŇ HEMMESINI ÝYGNA.

4. Erbet karzlary almakdan saklanmak

Erbet karz üstünligiň duşmany, sebäbi ol seni yza çekýär. Sen aýagyňdan bergi tutup durka asmana tarap uçup bilmeýäň, ylgap hem bilmeýäň. Bergiden çykýançaň ol seni duran ýeriňde saklaýar.

Karz diýilýän zadyň özi şonuň üçin döredildi. Ol işgärleri we ilaty bolýan zatlara razy halda saklaýar. Ol kreatiwlygy, risk alma ukybyňy çäklendirýär we kelläň ýokarsynda gara bulut ýaly gezýär.

5. Mümkin boldugyndan köp okamak

Bu klişe ýaly eşidilýän bolup biler, emma klişeler hakykatdan gelip çykýar.

200 manat töweregi pul we birnäçe gün bilen sen biriniň ömri boýunça şahsy we professional durmuşynda öwrenen zatlaryny öwrenmäge mümkinçiligiň bolýar. Bu iň uly arbitraž we adamlaryň kitabyň peýdasyndan hem gymmatyndan habary ýok!

Kitap okanyňda sözüň doly manysynda iň gowy adamlardan öwrenýärsiň. Olar nädip başardylar, näme ýalňyşlyklary etdiler, nähili pikirlenýärdiler, hemmesini kitapdan bilip bolýar. Ol adamlar bilen bir otagda dagy bolmak üçin müňlerçe dollar gerek bolardy, emma kitaplaryň bahasy kinoteatr üçin bilet bilen deň.

Iň gowy kompaniýalaryň eýeleri ýylda ortaça 50 kitap okaýarlar, adaty adam bolsa ýylda birini-ikisini okaýar. Şonuň üçin hem olar beýlekilerden örän kän gazanýarlar.

Geljegiň üçin iň gowy zady edeýin diýseň OKA. KÖP OKA!

Ikinji Bölüm: Bärde

Çeşme: www.alux.com


0 Teswir

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir