Üstünlikli boljagyň 7 nyşany, Üstünlikli boljagyň 7 nyşany, gurrun, Onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya. Onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa,. onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa.
Işlerini örän oňat bilýän tälimçiler, halypalar we CEO-larda haýsy oýunçy, talant ýa-da geljekki liderleriň kim boljagyny çaklap bilýän duýgurlyklary bar. Olar bir şekilde kimiň üstünlige ýetjegini bilýärler. Olar dogry adamlary saýlamakda we pullaryny şolara itergi bermek üçin sarp etmekde tanalýarlar. Göz öňüne getir, Arnold Şwarsenegger 14 ýaşlaryndaka onuň bu gün nähili boljagyny görkezýän tehnologiýa bolsa nähili bolardy? Ýa-da Maýkl Jordan, Aleksandr Makedonski, Muhammed Ali? Şol zatlary öňünden bilip bolsa nähili bolardy? Durmuşda üstünlikli boljagyň 7 nyşany bar.
1. Bäsdeş (competitive/конкурентоспособный)
- Näme bolsa bolaýsyn, olar hökman hemme kişiden has çalt, has gowy, has uly bolaýmaly. Olaryň ýeke islegi: “Men muny senden gowy etjek”. Olar etýän zatlaryny senden gowy etmegiň ýollaryny gözleýärler. Her bir ofisiň, her bir toparyň iň bäsdeş adamy bolýar. Topar pes bolsa hem şeýle. Soň bolsa şähere täze bir oýunçy gelýär, işýeri bolsun ýa-da topar bolsun, ol şeýledäki iň gowy netijeleri berýän adamy nyşana hökmünde görýär. Ol ondan gowy bolasy gelýär. Bu onuň her edýän herekedine täsir edýär – işleýşi, diýeta, işe gelýän wagty, hemme zadyna. Nämüçin beýle? Sebäbi ol beýlekilerden gowy bolasy gelýär.
2. Edýän işlerini gutarýarlar
- Olar pazl düzüp oturan bolsalar, olar ony gutaraýmaly. Kompýuterde oýun oýnanlarynda gutarman turmaýarlar. Kitap okanlarynda -da olar hökman gutaraýmaly. Maňa kitabyň diňe birki bölümini okap şeýle sorag soraýan adamlar bar: “Nähili pikir edýäň? 30 sany kitaba başladym, hiçsinem gutaramok.” Işleriňi gutarmagy halamaýana meňzeýäň. Işlerini gutarýan adamlar mydama işlerini gutarýarlar. Ol hem olaryň üstünlikli boljagynyň bir nyşany.
3. Ýakynlary ondan köp gazanýar
- Olaryň bile wagt geçirýän adamlary özlerinden kän pul gazanýarlar. Bu bir formula. Bu tötänleýin bolýan zat däl. Şonuň üçinem üstünlige ýetmeýän adamlaryň özlerinden pes derejelerdäki adamlar bilen wagt geçirýändigini görýäris, sebäbi olar özlerini uly duýasy gelýär. Örän üstünlikli adamlar özlerinden ýokary derejelerdäki adamlar bilen wagt geçirjek ýagdaýlarda bolýarlar.
4. Kelleleri hiç wagt durmaýar
- “Bu zat bolsa näme? Isleýän durmuşymy ýaşap bilsem näme? Şu adam bilen gürleşip görsem näder? Şutaýyk gitsem nähili bolar? Ýadyňa düşýämi şu barada gürleşip otyrdyk, şol barada pikirlendim we şeýtsek nädýä?” Olaryň kelleleri mydama pikirde, kelleleri hiç durmaýar.
5. Ygtybarly adamlar olardan bir zat çykjagyna ynanýarlar
- Diýeli men Myrat atly birini tanaýan. Onuň mugallymy, futbol tälimçisi, daýysy ýa-da başlygy bolsa ol barada şeýle diýýär: “Şu oglandan-a bir zat çykar.” Eger olaryň diýýän zatlary çynlakaý bolsa, ol oglandan hakykatdanam bir zat çykar. Nämüçin? Sebäbi ol adamlar bu oglan bilen gaty köp wagt geçirdiler. Olar onuň ýetmezçiliklerini we endiklerini bilýärler. Olar onuň ýakynlarynyň özünden has ýokarda ýa-da däldigini, başlan işini gutaryp gutarmaýandygyny we bäsdeşligi halap halamaýandygyny bilýärler.
6. Mydama öwrenýär
- Olarda özlerini her tarapdan kämilleşdirmek islegi bar. Olar mydama öwrenýär, öwrenmän durup bilmeýär. Şeýlelikde olar öz hünärleriniň has gowy okuwçysy bolarlar we kän öwrenerler.
7. Olar obsesif
- Eger obsesif biriniň aňyndan nämeleriň geçýändigini adamlar bilseler, olaryň köpsi aladalanardy. Sen hem “Ol çyndanam şeýle pikirlenýärmaý?” diýip pikir ederdiň. Olar çyndanam şeýle pikir edýär. Olar isleýän zatlaryny almakda örän ökde sebäbi olar hökman alaýmaly, olarda hökman bolaýmaly şol zat. Onsoň olar şol zada obsesif çemeleşip başlasalar, olar kreatiw ýollary tapýarlar. Gyz bolsun, biznes bolsun, wezipe, belli bir ýer ýa-da ýaşaýyş şerti, olar oňa ýetmäge bir ýol taparlar, sebäbi olar obsesif.
Ine-de 7 nyşan. Ýogsa-da bularyň hiçsine 100% diýip bolmaýar. Hiç kimem hiç wagt 100% bolmaz. Ýöne bolmanda 70-80% boljak bolmaly.
- Patrick Bet-David, amerikan telekeçi, awtor we telekeçiler üçin iň gowy kanal hasaplanýan Valuetainment YouTube kanalynyň alyp baryjysy
Çeşme: Patrickbetdavid.com
0 Teswir