Üstünlikli telekeçi bolmagyň 10 düzgüni Üstünlikli telekeçi bolmagyň 10 düzgüni gurrun . Onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. onun için, veýa. Veya için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa,

Her bir üstünlikli adamyň durmuşynda belli bir kadalar we rutinlar bar. Biz hem siziň üçin üstünlikli adamlaryň käbir maslahatlaryny jemledik.

Üstünligiň belli bir formulasy bolmasada, üstünlik gazanan adamlaryň durmuşynda käbir meňzeşlikleri görmek mümkin.

1. Her gije, etmeli işleri anyklamak üçin bir sanaw düz!

Leon Ifayemi, öňdebaryjy kärende programmasy bolan SPCE-iň baş direktory we esaslandyryjysy. Ol şeýle diýýär: “her gije öňümdäki gün üçin etmeli iň ähmiýetli zatlarymy belleýärin. Şeýdip boş wagt sarp etmejek bolýaryn”. Şeýle etmek bilen öndürijilik güýjüni güýçlendirip bilersiňiz. Agşam ýatanyňyzda hem güni peýdaly geçirendigiňiz üçin bagtly ýatarsyňyz.

2. Irden ir tur!

Meşhur dellekçi Jeý Birmingem saç salonyny dolandyrýar. Ortaça bir günde, uzyn saç bejermekden başgada, dürli hyzmatlary amala aşyrýar. Oňa talabam köp. Ol şeýle diýýär:

“Güni sypdyrmazlyk üçin, irden sagat 7-de turýaryn. Başgalardan öň oýanmak, günüň dowamynda özüňize has köp wagt tapmaga mümkinçilik berýär. Näme diýipdirler, ir turýan adam ýol tapýar. Şeýle hem, ir turmak intensiwlik başlamazdan ozal pikiriňizi üýtgetmäge mümkinçilik berýär. Umuman meniňki ýaly köp işli hyzmat sektorlarynda wagt ähmiýetli”.

3. Deňagramly boluň!

Jeýms Bell Iňlis premýer-ministrleri üçin möhüm kampaniýalary we mahabatlandyrma taýýarlaýan aragatnaşyk hünärmeni.

“Dünýäniň nirede bolsam-da, sport zalymy ýanym bilen alyp gidýärin. Myhmanhanamyň sport zalynda çalt ylgamak ýa-da türgenleşik geçirmäge synanyşýaryn. Muny akyl saglygym we beden saglygym üçin edýärin.”

4. Irden gezelenç ediň!

Margie Nomura “Çöl adasy tagamlary” podkastynyň aşpezi we alyp baryjysy. Wagtyny nahar bişirmek, gözlemek we podkast görkezişlerini guramak üçin sarp edýär.

“Itimi gezelenje çykarmak, gündizine arassa howa alyp, stolumdan uzaklaşýan pursadymdyr we bu günümiň möhüm bölegi. Elmydama günde bir gezek öýden çykyp, 20 minut ýöremäge synanyşýaryn. Munuň günüň dowamynda öndürijiligimde uly üýtgeşiklik döredýändigini ynanýaryn”.

5. Dem alşyňyza gözegçilik etmek üçin günde 15 minut maşk ediň!

Nimisha Brahmbhatt, strateg we Legacy Business School-y esaslandyryjy. Şeýle hem, müşderi ýygnaklaryny we iş meýilnamalaryny taýýarlaýarmakda maslahat hyzmatlaryny hödürleýär.

“Stressi azaltmagyň iň gowy görýän usullarymdan biri, Pranaýama (“ dem alyş gözegçiligi “diýmegi aňladýan sanskrit sözi) diýlip atlandyrylýan hindi guru Ramdewiň taglymatlarynyň maşklary. Her gün irden 15 minutlap etmek meniň energiýa derejämi ýokarlandyrýar, iýmit siňdirişini gowulaşdyrýar we ukyny sazlaýar. Bularyň hemmesi öndürijilikli bolmak üçin ähmiýetlidir “.

6. Irden sagat 10-da ýarym sagat maşk ediň!

Diane Hill, müşderiler üçin elde çekilen çyzgylary we diwar kagyzlaryny döredýän suratkeş we dizaýner.

“Günümi e-poçta ugradyp, meýilnama düzüp başlaýaryn. Soň bolsa 30 minutlyk türgenleşik üçin ir sagat 10 töweregi sport zalyna barýaryn. Güýçli we bagtly duýmak üçin maşk ähmiýetli…”.

7. Irden turup, hemmelerden öň iş ýeriňe git!

Simon Rabin, Angliýanyň iň çalt ösýän FinTech kompaniýalarynyň biri bolan “Chip” -iň baş direktory we esaslandyryjysy. Topary dolandyrmak, maýadarlar bilen duşuşmak we täze önüm ideýalarynyň üstünde işlemek üçin wagtyny geçirýär.

“Möhüm e-poçtalary iberip, pikirlerimi ýygnap bilmek üçin sagat 8-de ofise gelýärin. Sagat 9: 00-da hemmeler ofise gelýär we dolandyryş topary bilen günüň işini ara alyp maslahatlaşmak we sazlamak üçin duşuşygymyz bolýar.”

8. Gün akymyny öňünden kesgitläň!

Jono Teýlor lukmançylyk kärhanalary üçin innowasion önümleri dizaýn edýän mehanik inžener.

“Gündelik işimiň merkezinde, dizaýnyň belli bir bölegine ünsümi jemlän wagtym bolýar. 3D modelini redaktirlemek ýa-da başga bir iş bilen meşgullanmak üçin köp wagt sarp edip bilmeýän bolsam, hökman aljyraňňy bolaryn we käbir zatlar bulaşar. Günüň dowamynda ideal şertleri döretmek üçin fonda arkaýyn aýdym diňlemegi maslahat berýärin. Mysal üçin, Brian Eno. Beýleki işimi hem gurnamaly, şonuň üçin kellämde stresiň galyndysyny islämok. Biraz şokolad hem oňyn täsir edýär … “

9. Ýekşenbe güni badminton oýnaň!

Walentina Kristensen, milliard dollarlyk FinTech kompaniýasy ACORN OakNorth-yň aragatnaşyk müdiri. Kompaniýanyň ähli metbugat ýygnaklarynda gürleýär we dolandyrýar.

“Hepdäni duşenbe günleri işden soň iki sagat badminton oýnamak bilen başlaýaryn. Sebäbi hepdäniň dowamynda bu maňa motiwasiýa berýär. Şeýle hem “Zero to One” we “Brotopia” ýaly ylham berýän iş kitaplaryny okaýaryn.”

10. Telefony biraz wagt özüňizden uzaklaşdyryň!

Steph Duglas “Dont buy her flowers” sowgat hyzmatynyň düýbüni tutujy. Günüň dowamynda surata düşürmek, sarp edijilere baryp görmek we web sahypasyny gözden geçirmek işlerini amala aşyrýar.

“Eger bir iş alyp barýan bolsaňyz, elmydama edilmeli işler kän we sizde “hiç haçan ýetişmerin” duýgusy döräp biler. Şonça ýetişiksizligiň içinde telefona seredip içimi gysdyrmak islemeýärin. Adaty adamlaryňky ýaly irden we agşam sosial mediýa görmeýärin. Bu adamyň özüni asuda duýmagyna täsir edýär we işde öndürijiligi güýçlendirýär”.

Çeşme: www.redbull.com


0 Teswir

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir