Ýalan dostluklary nädip bes etmeli Ýalan dostluklary nädip bes etmeli gurrun. Onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya. Onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa,. onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa,
Ýalan dostluklar saňa zyýanly.
Hawa, muny kabul etmek aňsat däl, emma hakyky bagty isleýän bolsaň artykmaçlyklardan dynmaly bolýar.
Öňki eşiklerimiziň bize bolmaýşy ýaly, dostluklar hem wagtyň geçmegi bilen bolman bilýär. Biziň halaýan zatlarymyz, sarpa goýýan zatlarymyz üýtgäp bilýär. Bu gatybir erbet zat hem däl.
Birem, dostluklaryň deň ýarsynyň garşylykly däldigini bilýärdiňizmi? Geçirilen bir barlaga görä, ýagdaý şeýleräk. Biz käte çyn we ýalan dostlary tapawutlandyryp bilemizok.
Durmuşyň gowy we erbet pursatlarynda ýanyňda bolan adamlara çyn dostlar diýilýär. Üstünlik gazananyňda olar hakykatdanam begenýärler, kömek gerek bolanda bolsa olar ýanyňda.
Çyn dostlaryň bolmagy saglygyň we bagtyň iň esasy açarlarynyň biridigini bilýän bolsaňyz gerek. Muny Miçigan Döwlet Uniwersiteti tarapyndan 280.000-e golaý adamyň arasynda geçirilen barlag hem tassyklady, gatnaşyjylaryň maşgala we dost-ýar gatnaşyklary bilen saglyk we şatlyklary aýrylmaz baglanyşykly.
Munuň bilen hem çäklenmän, şol uniwersitetde geçirilen ýene bir barlagda dostlaryň nähili täsirlidigi hem görkezildi. Ýagny, dostlar goldaw berýän bolsa, adamlar bagtlydy, tersine, suwuny çekip guradýan ýaly energiýany gutardýan, strese sokýan dostlaryň bolsa dowamly hassalygyň bolma ähtimallygy güýçlidi.
Dostuň çynlygynyň alamatlary:
- Saňa üns berýär
- Erbet duýan wagtyň goldaw berýär
- Ýürekdeş we sözünde durýar
- Senden bir zat alyp bilmese hem seni goldaýar
- Kemçilikleriňi kabul edýär
- Seni hakykatdan hem diňleýärler
- Seni ösüşe iterýär
Ýalan dostluklar nädip döreýär?
Bile wagt geçirmegi halamasaň-da şol adam bilen wagt geçirýän, beýle etmeseň özüňi günäkär duýýaň. Nädip bes etjegiňi bilmeýän endigiň bolýar.
Wagtyň geçmegi bilen şeýle dostlar ýalan dostlarymyz bolup galýar.
Bular ýaly dostluklar hemme kişi üçinem zyýanly. Gatnaşykdaky esasy zat günäkärlik duýgusy bolsa, onuň ýykylmagy ýakyn bolýar.
Ýalan dostlugy bes etmek
Bu sms ýa-da jaňda däl-de, ýüzbe-ýüz edilse gowy. Ýöne aňyňda bir maksadyň bolsun, bir düşünişmezligi aýdyňlaşdyrjak bolýaňmy? Bir zada üns çekjek bolýaňmy? Ideal netije nähili bolar?
Belli bir wagt habarlaşman gezmek hem bir alternatiw. Muny islendik bir sebäp üçin edip bilersiň:
- Özüň bilen baglanyşykly – “Men şu günler başagaý we maňa wagt gerek”
- Ol bilen baglanyşykly – “Gabanjaňlyk ýa-da peseltme boldy, açylyşmaga wagt gerek”
- Ikiňize hem degişli – ikiňiziň hem bolan zatlara baha bermegiňiz üçin ara goýmak, esasan hem kyn gürrüňlerden soň.
Diýeli dostluk bir taraply, ýa-da bir gepe düşmez dostuňyz bar, onda siz ýuwaşdan yza çekilip bilersiňiz. Bu usul gönümel däl, emma beýleki adamy ynjytman edip boljak zat. Siz ýuwaşdan yza çekileniňizde onuň özi düşünsin diýseňiz edip biljek käbir zatlaryňyz;
- Jaň etmegiň ýerine sms ýazmak
- Sosial platformalarda az gatnaşmak
- Sms-lere gijräk jogap ýazmak
- Gysga sms-ler bilen jogap ýazmak
- Kän görüşmezlik
- Başagaý bolup görüşmäge eliň degmezligi
Şeýle hem diýip bilersiňiz, “Seret, birnäçe aýlap görüşilmedi, bu esasy meniň özümdenmikä diýýän. Özüme çekildim. Geçen ýyl pylan bolanda maňa gowy ýokmady. Kellämden çykanok. Bilýän sen gowy adam, ýöne gatnaşygymyz üýtgedimikä diýýän. Munça bolan zady düzedip bileris öýdemok, gynanýan.”
Çynlakaý bol.
Ýalandan gatnaşmak özüňi aldamakdyr.
Çyn dostluklara köpräk wagt aýyr.
Hakykatda hakyky dostlar bilen ýaşa.
Çeşme: www.scienceofpeople.com
0 Teswir