Zenofobiýa Zenofobiýa gurrun Onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Veya için, veýa,. onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa,
Zenofobiýa diýip – bilinmeýänden gorkmaga aýdylýar. Üýtgeşige bolan gorky hem diýip agzalýar. Bilinmeýänden gorkmak islendik bir jandaryň tebigatynda bar. Iň bir ýönekeýje bakteriýadan başlap iň çylşyrymly jandarlara çenli bilinmeýän zada bolan gorky bilen ýaşaýarlar. Hatda iň möhüm gorag sistemamyz bolan immunitetimiz hem tanyşlyk-nätanyşlyk sistemasy bilen işleýär.
Bilinmeýän zatdan gorkmak tebigy bolsa hemmämiz zenofobikmi. Aslynda bizi zenofobik edýän zat bu gorkynyň ýalňyş ulanylmagy. Iň ýönekeýden çylşyrymla hemme jandarlar bu gorkyny ýeňmegi saýlaýarlar, ýagny bilinmeýäni bilmegi. Bedenimiz daşky gurşawdan gelen zyýanly zady diňe bir öldürmän ony tanap ýadynda-da saklaýar. Elbetde muny etmezden öň zyýanlymy ýa däldigine seredýär. Garaz ony tanamagy, bilmegi saýlaýar.
Bu gorkynyň netijesinde bilmegi, öwrenmegi saýlamak däl-de kelläňi guma sokmagy saýlamak bizi zenofobik edýär. Gorkyň aňyrsynyň boşmy ýa däldigini bilmek üçin ilki ony tanamaly. Bu ýagdaýda üç sany mümkinçilik bar.
Birinji ýagdaý – belki hiçhili gorkuly zat ýokdur we gorkuly däl täze bir zadyň üýtgeşik peýdaly taraplary bardyr.
Ikinji ýagday – belki çyndanam howp abanýandyr ýöne goranmagyň we ony öz bähbidimize ulanmagyň bir ýoly bardyr.
Üçünji ýagdaý – çyndanam howp abanýandyr we hiçhili çäre ýokdur. Bu ýagdaý iň erbet ýagdaý bolup dursa-da gutulgysyzdan gorkmagyň manysyzdygy açyk. Bilinmeýäni tanamak ýoly saýlananda garşymyza çykyp biljek iň erbet ýagdaý hem bize ejizligimizi we ukybymyzyň çäklerini bildirýär, ýagny özümizi tanamagymyza sebäp bolýar.
Diýmek bilinmeýäni bilmezlige dowam etmek islendik ýagdaýda bilmekden erbet bolup durýar we akla ters düşýär. Şoň üçin bilinmeýänleri biljek bolalyň.
Ýazyjy: Galamkesh
0 Teswir