Töweregimizi kitap bilen gurşalar ýaly etmeli Töweregimizi kitap bilen gurşalar ýaly etmeli wiki. Onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. onun için, veýa. Veya için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa,
Alymlar ömrüň boýunça öwrenmegiň has bagtly durmuşa, has köp gazanja, hatda has sagdyn durmuşa eltýändigini aýtýarlar. Mundan başgada Bil Geýts, Elon Mask ýaly meşhurlar hem akylly we üstünlikli bolmagyň syrynyň kitapdadygyny belleýärler. Ýöne biz näme edýäris? Birnäçe kitap alýarys. Durmuşam ýeňil däl, ýadadýar. Köp zada niýet edýäris, ýöne azajyk bölegini amala aşyrýarys. Meselem kitap tekçäňize ser salsaňyz, okaryn diýip alyp, başlamadyk, ýarysynda taşlan kitaplaryňyzy görersiňiz. Bu siziň özüňizi arkaýyn duýmagyňyza zyýan berýärmi? Bermelimi?
Eger hiç kitap okamaýan bolsaňyz, onda hawa siz arkaýyn bolmaly däl. Ýöne kitap okaýan bolsaňyz, kitap satyn almak tizligiňiz okamak tizligiňizden ýokary bolsa, onda size gowy habarymyz bar. Okalmadyk kitaplardan doly kitaphanaňyz siziň jahyldygyňyzy ýada passiwdigiňizi görkezmeýär.
Argument ýazyjysy bolan Nassim Nikolas Taleb özüniň örän köp satylan kitabynda bu meseläni ele alýar. Taleb meşhur italýan ýazyjysy Umberto Ekonyň 30000 jiltlik kitaphanasy barada degişme gürrüň berýär. Eko aslynda bu kitaplaryň ählisini okadymy? Elbetde ýok. Emma töweregini entek ele alynmadyk ukyplar we maglumatlar bilen doldurýardy. Bu kitaphana oňa entek köp zady öwrenmelidigini ýatladýardy. Taleb heniz okalmadyk kitaplaryň sizde hem şol bir täsiri oýandyrjakdygyny aýdyp, şeýle belleýär:
“Munuň ýaly kitaphana, egoňyzy kanagatlandyrjak güýmenje däldir, sada gözleg merkezidir. Aslynda bu kitaphana maddy (finans) düşünjeleri, göterimler ýaly bilmeýän zatlaryňyzy özünde saklamaly. Garradygyňyzça has köp maglumat, kitap jemlärsiňiz. Tekjelerde duran okalmadyk kitaplar size gytak göz bilen serederler. Aslynda nähili köp bilseňiz, okalmadyk kitaplaryň setirleri şonçada uly bolar. Bu okalmadyk kitaplaryň ýygyndysyny “Antikitaphana” diýip atlandyralyň”
Nassim Nikolas Taleb
Antikitaphana çäkleriňizi size ýatladyp durar. Bilmeýän zadyňyz ýada ýalňyş bilýän maglumatlaryňyz bu ýerde jemlenendir. Bu ýatladyjy sizde her gün öwrenmek islegini döreder.
Taleb şeýle diýýär:
“Adamlar terjimahallarynda işlemedik ýerlerini, etmedik zatlaryny ýazmaýarlar. Aslynda ýazsalar gowy hem bolar”
Näme üçin beýle diýdikä? Belkide iň köp ýaýran şu psihologik hakykat sebäplidir: Iň dereksiz adamlar öz ukyplaryna we özlerine iň az şübhe edýän adamlardyr. Ýagny az bilýän meselesinde köp bilýän ýaly gürlärler. Muňa Danning-Kruger sendromy diýilýär. Bir zatlary boýun alsaňyz has tiz öwrenersiňiz.
Şol sebäpden tekjede duran okalmadyk kitaplaryň köplüginden gorkmaň. Özüňizi gynamaň. Okalmadyk kitaplar siziň jahyllygyňyzyň alamatydyr. Nähili jahyldygyňyzy bilseňiz, şonçada beýlekilerden öňdesiňiz.
0 Teswir